TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Şu gün — Oraza baýramy

Şu gün ýurdumyzda Oraza baýramy giňden bellenilip geçilýär. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramynyň dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy.

Remezan aýynyň ady halkyň aňynda oraza tutmak bilen berk baglanyşykly. Ynsany nebsiň aşa agdyk isleglerinden we arzuwlaryndan, maddy hyrslardan gorap, onuň mertebesini beýgeldýän oraza ybadaty parz hökmünde şu aýda berjaý edilýär. Remezan aýynyň gymmatyny artdyrýan oraza bedeniň zekady hasaplanýar.

30 gün agyz bekläp, dini däpleri berjaý eden türkmen halky Oraza baýramyny ilki bilen berjaý etmeli däp bolan baýram namazyny okamak bilen başladylar. Ýurdumyzyň ähli metjitlerinde baýram namazy okalyp, ýurdumyzyň agzybirligi we asudalygy, ähli türkmen halkynyň maşgala ojagynyň abadanlygy üçin doga-dilegler edildi. 

Biz hem “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly bolup, ildeşlerimizi mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. 

 

Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy bilen gutlady

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady

Ärdoganyň wezipesine girişmek dabarasy geçiriler

Teswirle