BIZNES

Şu gün dünýä belli içginiň döredilen güni

Şu gün dünýäniň ähli ýerinde “Koka-Kolanyň” döredilen güni bellenilýär. 135 ýyl mundan ozal, 29-njy mart 1886-njy ýylda bu dünýä belli içginiň taýýarlanyş usuly oýlanyp tapylypdy. Jon Stit Pemberton bilim boýunça farmasewt. Ol kelleagyry üçin serişde gözleýärdi. Şonuň üçin ol karamel reňkde adaty bolmadyk sirop oýlap tapdy.

Bu içginiň düzüminde koka ýapragy, şeker we kofein bardy. Ol örän höwes dörediji içgä öwrülipdi. Bu sirobyň ilkinji bulgurlary 5 sentden dermanhanalarda satyldy. Soňra içgä fazly suw goşuldy. Şol döwürlerde hem bu içgi “Koka-Kola” (Coca-Cola) diýlip atlandyryldy.

Pemberton aradan çykandan soňra işewür Evza Kendler “Koka-Kolanyň” düzümini satyn aldy. 1893-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda ABŞ-da “Koka-Kola” haryt nyşany resmi taýdan bellige alyndy.

ilkibaşda bu içgini her gün ortaça 9 adam alýardy. Soň-soňlar onuň meşhurlygy artyp başlady. 1892-nji ýylda “Koka-Kola” hukugyna eýe bolan telekeçi Kandler bu içgini häzirem öndürýän “Coca-Cola” kompaniýasyny esaslandyrdy.

  • 1902-nji ýylda dolanyşygy 120 müň dollara barabar bolan “Koka-Kola” ABŞ-da iň meşhur içgä öwrüldi.
  • “Koka-Kola” kompaniýasy 1928-nji ýyldan bäri Olimpiýa oýunlaryna hemaýatkär bolup gelýär. 1978-nji ýyldan bäri FIFA-nyň resmi hemaýatkäridir.
  • 1982-nji ýylda “Diet Coke” görnüşi çykaryldy.
  • 1985-nji ýylda wişnýa tagamlysy öndürildi.
  • Häzirki wagtda “Koka-kola” dünýäniň köp ýurtlarynda öndürilýär.

Iň gymmat myhmanhana

Ýene-de okaň

Türkmen-ýapon işewürlik maslahaty geçiriler

Özbegistanyň, Owganystanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Türkmen-rumyn hökümetara toparynyň mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda 6 aýda 38.9 milliard kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin maksatnama rejelendi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine täze ýolbaşçy bellendi