Stiw Jobsuň aýdan parasatly sözleri

Stiw Jobs özüniň ýaşan döwründe täzelikçi hökmünde uly meşhurlyga eýedir. Ol ökde telekeçi we öňdengörüji adam hasaplanylýar. Stiw Jobs öz duýgularyňa eýermek we gysga wagtyň dowamynda her bir pursady netijeli peýdalanmak barada birnäçe ajaýyp sözleri miras galdyran şahsyýetdir.

Stiw Jobsuň aýdan sözleri:

  • Içiňizdäki uçgunyň sönmegine we sizi ýakýan hyjuwyň ölmegine ýol bermäň;
  • Öz duýgularyňyza eýermek üçin batyrgaý boluň. Öz gorkyňyzyň we päsgelçilikleriňiziň üstünde işläň;
  • Töwekgelçilik ediň we beýlekileriň edip bilmejek zatlaryny etmäge synanşyň;
  • Her bir adamyň öz dünýäsini üýtgedip biljek içki duýgulary bardyr;
  • “Käwagt täzelik edeniňde ýalňyşlyk goýberýärsiň. Täzelikleri çalt kabul etmek we olary baýlaşdyrmak iň gowusydyr”. Ýalňyşlyklar goýberilende boýun alyň we indiki pikirleriňiz barada oýlanyň;
  • “Durmuşda iň halaýan zatlaryň üçin pul gerek däl. Ählimiziň iň gymmatly zadymyzyň wagtdygy hemmämize düşnüklidir”. Her bir adamyň bir günde 24 sagat wagty bardyr. Wagtyňyzy paýhasly geçirmäge synanyşyň;
  • Özüňize tutanýerliligi, erjelligi we wepalylygy hemra ediniň;
  • Her bir adamyň jemgyýetiň ösüşine goşant goşup biljek özboluşly zehini bardyr.

 

Terjime eden:

Gurbanmyradow Güýçmyrat,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň

Diller kafedrasynyň mugallymy.

 

Eýranyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi



ÝENE-DE OKAŇ

Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammite gatnaşan hormatly Prezidentimiz koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek hakynda hem belläp geçdi. Bu barada milli Liderimiziň çykyşynda şeýle diýilýär: - Koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna hem-de ýaramaz netijelerine garşy bilelikde göreşmek häzirlikçe möhüm wezipe bolmagynda galýar. Bütin dünýä üçin şeýle kynçylykly döwürde Merkezi Aziýa ýurtlary we Hytaý raýdaşlygyň, özara kömek bermegiň...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammite gatnaşdy. Sanly ulgam arkaly ýokary derejeli duşuşyga Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki döwletleriniň Baştutanlary — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan...
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp onlaýn-sammit geçirildi. Çäräniň başynda geçen 30 ýylyň dowamynda Hytaýyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy gazananlaryny hem-de dostlukly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin çykyş etdi. Ol Hytaýyň bu sebitiň...
Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri hasaplanýan "Amazon" kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos futbol dünýäsine aralaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Italiýanyň metbugaty habar berýär. Metbugatyň habaryna görä, Italiýanyň Naples şäherinde kosmos bazasyny gurmak isleýän Bezos şol bir wagtda "Napoli" toparyny hem satyn almagy meýilleşdirýär. "Napoli" topary De Laurentisden Jeff Bezosa geçmeigne garaşylýar. Kino prodýuseri Aurelio de Laurentis "Napoli" topary bilen bir hatarda Italiýanyň aşaky...
Şu gün “Hytaý-Merkezi Aziýa döwletleri” döwlet Baştutanlarynyň sanly ulgam arkaly sammiti geçirildi. Onlaýn tertibinde geçirilen bu sammit Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy esasynda geçirilýän bu sammite Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geçen 30 ýylyna syn berlen onlaýn...

Iň täze habarlar