MEDENIÝET

Stambuldaky taryhy kinoteatr täzeden açyldy

Taryhy «Atlas» kinoteatrynyň we kino muzeýiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Stambula kino sungatynyň dünýä belli ýyldyzlarynyň birnäçesi geldi.

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan 2019 ― 2020-nji ýyllarda geçirilen durkuny täzeleýiş işlerinden soňra bu kinoteatr asylky durkuna getirildi.

Taryhy binanyň açylyş dabarasyna ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan gatnaşdy. Şeýle hem dünýä meşhur kinorežissýor Gaý Ritçiýe, aktýorlar Jeýson Stethem, Joş Hatnett, Jaskwi Ainsleý, şeýle hem Ritçiýeniň häzirki wagtda Antalýada surata düşürýän «Five Ies» filiminiň döredijilik topary myhman bolup gatnaşdy.

Bu kinoteatr ilkinji gezek 1948-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berlipdi. Häzir onuň durky doly täzelendi. Täzelenen kinoteatr 483 tomaşaça niýetlenendir. Onuň 4K hil derejesindäki sahnasy 13/7 metr ölçegde. Köpugurly peýdalanmaga mümkinçilik berýän sahnada teatr eserlerini hem sahnalaşdyryp bolýar.

«Atlas» kinoteatry bilen bir binada ýerleşýän Kino muzeýi türk kinematografiýasynyň taryhyna degişli gymmatlyklaryň uly toplumyny özünde jemleýär.

 

Çagalara niýetlenen waksina synagdan geçirilýär

 

 

Ýene-de okaň

Teýlor Swift britan ykdysadyýetine 1.2 milliard dollar gazandyrar

Ata Watan Eserleri

“Daragt” filmi Çeboksar halkara kinofestiwalyň bäsleşik maksatnamasyna goşuldy

Daşoguz welaýat kitaphanasynda amerikan-türkmen kitap ýarmarkasy geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet sirki «Ganatly bedewler» atly sirk oýunlaryny görmäge çagyrýar

Gerkez obasynda medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi

«Magtymguly – geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi