SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Stambulda Biometrik pasportlaryň möhletiniň uzadylmagy dowam edýärmi?

Türkiýe-Türkmenistan arasynda adaty uçar gatnawynyň gaýtadan dikedilmegi bilen köp sanly okyjylarymyzdan Stambulda biometrik pasportyň hereket ediş  möhletiniň uzadylmagy dowam edýärmi ýaly soraglar gelip başlady. Bar bolan anyk maglumatlara görä, Stambulda biometrik pasportyň hereket ediş möhletini uzlatmak amaly dowam edýär. Köp sanly raýatlarymyzyň  häzirki döwüre çenli pasportlarynyň möhledini uzadylandygy hasaba alynanda mundan soňra, pasportyň hereket ediş möhlediniň uzadylmak amaly eger ähli resminamalar talaba laýyk tabşyrylan ýagdaýynda 1 hepdede ýerine ýetirilýär.  Aşakda sanawy berilen resminamalary jemläp Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsullygyna göniden göni ýüz tutmalydyr.

Gerekli resminamalar:

  1. Bellenen nusgada arza
  2. pasportyň asyl nusgasy;
  3. pasportyň nusgasy (şahsy maglumatlar üçin sahypanyň nusgasy);
  4. fotosurat (3×4 ýa-da 4×5 sm) kagyz görnüşde we elektron göterijide.
  5. Türkiýede ýaşamak üçin resminamanyň nusgasy

Bellemeli zat, degişli resminamalary gönüiden göni konsullyga özüňiz eltmelidir.  Haýsyda bolsa bir araçy firma  ýa-da şahs bu ulgamda hyzmat  bermek üçin ygtyýarly edilen däldir.

 

Bu işler üçin töleg tölemelimi?

Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary tarapyndan pasportyň hereket ediş möhletiniň uzaldylandygy baradaky bellikleri etmek boýunça hyzmatlar tölegsiz esasda ýerine ýetirilýär.

 

Mahabat:

Stambulda ynanç haty, pasport, attestat we beýleki resminamalaryň terjimesi boýunça Aksaraýda ýerleşýän we eýýäm birnäçe ýyldan bäri esasan hem Türkiýe bilen Türkmenistan arasynda terjime köprüsi bolup durýän Atavatan Tercüme Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Atavatan  Danışmanlık ve Tercüme Merkezi diňe terjime we uniwersitetlere ýerleşdirmek  boýunça hyzmatlar berýär. 

Habarlaşmak üçin

+90 532 401 71 52 / +90 530 251 36 73

atavatantranslation@gmail.com 

 

 

 

Biometrik pasportlaryň möhleti uzadylýar : Täze Tertip

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” içerki gatnawlaryň tertibini täzeledi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin goşmaça howa gatnawlary ýola goýar

Rus lukmany Türkmenistanda ýerli hünärmenler bilen tejribe alyşýar

Pars aýlagy üçin bitewi syýahatçylyk wizasy döredilýär

Üçýyldyz 23-nji iýulda dogdy

Çatalhöýük: Müňýyllyklaryň astyndan ýüze çykarylan ene tarapyndan nesil yzarlanylýan jemgyýet

Ata Watan Eserleri