SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Sputnik V» ýene bir döwletde bellige alyndy

Russiýa Federasiýasynyň Gamaleýa merkezinde işlenip taýýarlanan «Sputnik V» sanjymy ýene bir döwletde bellige alyndy. Koronowirusa garşy dünýäniň ilkinji sanjymyny ulanmaga rugsat beren hökümetleriň hataryna Gresiýa hem goşuldy.

Ýurduň Hökümeti sanjymdan peýdalanmak bilen bagly käbir düzgünleri girizdi. Aýdylyşyna görä, «Sputnik V» sanjymyny kabul etmek daşary ýurtly syýahatçylardan talap edilmez. Bu bolsa köp sanly goşmaça resminamalary doldurmakdan halas eder.

Gresiýa 14-nji maýdan başlap, Russiýanyň, Ukrainanyň we Belarus Respublikasynyň raýatlary üçin serhetlerini açmagy meýilleşdirýär. Ýurduň syýahatçylyk ministriniň aýtmagyna görä, öňde duran syýahatçylyk möwsümi ýurda ozalkylaryndan has köp girdeji getirer. Şeýle-de bolsa, ministrlik syýahatçylyk bukjalarynyň bahasyny gymmatlatmagy meýilleşdirmeýär.

«Sputnik V»sanjymynyň Türkmenistanda hem ilkinji bellige alnan sanjymdygyny ýatladýarys.

 
https://www.atavatan-turkmenistan.com/2021-nji-yylyn-in-gymmat-awtoulagy/

Ýene-de okaň

Türkmenistanly raýatyň çagasy Minskde 2026-njy ýylyň ilkinji täze doglan çagasy boldy

Beýik Britaniýa zyýanly iýmitleriň mahabatyny gadagan etdi

Täze ýylyň ilkinji çagalary: Merkezi Aziýa ýurtlarynda çaga dogluşynyň ösüşi

Özbegistanda Täze ýylyň ilkinji gününde 1815 çaga dünýä indi

Türkiýe hytaýly syýahatçylar üçin wizany ýatyrdy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Abu-Dabi ugruna gatnawlaryň sanyny artdyrýar