SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Sputnik V” sanjymy Italiýada öndüriler

Russiýanyň koronawirus pandemiýasyna garşy işläp düzen “Sputnik V” sanjymy Italiýada öndüriler. Bu barada degişli ylalaşyk gazanyldy. Ylalaşyk Ýewropada rus sanjymyny öndürmek babatdaky ilkinji şertnamadyr.

Italiýanyň “Adnkronos” habarlar gullugy Italiýa-Russiýa Söwda edarasyna esaslanyp beren habaryna görä, Russiýanyň maýa goýum gaznasy (RDIF) bilen Italiýada şahamçasy bolan Şweýsariýanyň “Adienne Pharma & Biotech” kompaniýasy, rus sanjymlaryny Italiýada öndürmek üçin ylalaşyk gazandylar. Ylalaşygyň esasynda 2021-nji ýylyň ahyryna çenli 10 million doza “Sputnik V” sanjymyny üpjün etmegi maksat edinýärler. Sanjymyň önümçilik işine iýul aýynda başlamagy meýilleşdirilýär. Rus sanjymynyň Ýewropada öndürmek baradaky ilkinji şertnamadygyny hem mälim edildi.

“Sputnik V” sanjymyny Russiýanyň Gamaleý adyndaky epidemiologiýa we mikrobiologiýa boýunça milli ylmy-barlag merkezi öndürdi. Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylyň awgust aýynda hasaba alyndy.

 

Türkmen gelin-gyzlaryň saýty hereket edip başlady:Turkmengazet.com

 

 

 

 

Related posts

Günüň dowamynda 1,5 — 3 litre golaý arassa suw

Dr.Döwran Orazgylyjov

2021-nji ýylda adama doly emeli ýürek oturdylar

Ata Watan Eserleri

Türkiýe Hytaýdan koronawirus sanjymyny aldy

Ata Watan Eserleri