TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Sport täzelikleri: Pele Ronaldonyň üstünligine boýun boldy

Çempionlar ligasyndan daşlaşan portugaliýaly ýyldyz Kristiano Ronaldo Italiýanyň “Seriýa A” çempionatynyň 27-nji tapgyrynda “Kalýari” toparyna garşy meýdança çykyp, sag, çep aýaklary we kelle urgulary bilen 3 gol ýagny het-trik etmegi başardy. Braziliýaly meşhur futbolçy Pele Ronaldony çempionatda geçiren het-trigi bilen we resmi oýunlarda 770 gol geçirendigi bilen gutlady.

“Nähili ajaýyp futbol karýeraň bar! Men saňa gaty buýsanýaryn – bu hiç kime syr däl. Şeýle hem meniň gollar boýunça rekordymy geçendigiň bilen ýene bir gezek gutlaýaryn ” -diýip, Pele öz “Twitter” jemgyýetçilik sahypasynda belledi.

Ýanwar aýynda Ronaldo Peleniň resmi oýunlarda geçiren 757 gol rekordyny ýetdi, ýöne käbir maglumatlara görä braziliýaly oýunçy 757 däl-de, 767 gol geçiripdir. Şeýlelik bilen Ronaldo ähli netijeler babatda futbol taryhynda iň köp pökgi geçiren oýunçy bolmagy başardy.

********

25-nji martda Olimpiýa oýunlarynyň alaw estafetasy başlanar. Bu barada Tokio şäherindäki Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti tassyklady. Gresiýadan getirilen alawy Ýaponiýanyň ähli prefekturalarynda geçiriler. Olimpiýa alawy 25-nji martda Fukusimada başlanar we 121 gün dowam eder. Pandemiýa sebäpli bu çäre tomaşaçysyz geçiriler. Olimpiýa oýunlaryna tomaşaçylaryň gatnaşdyrylmagy babatda entek belli netijä gelinmedi. Häzirki wagtda 3 sany teklip bar, olaryň birinjisi oýunlar tomaşaçyly geçer, ikinjisi oýunlara Ýaponiýanyň ýaşaýjylary goýberiler, üçünjisi bolsa oýunlar tomaşaçysyz ýagdaýda geçiriler.

******

Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew Marsel şäherinde geçirilen tennis ýaryşynda ýeňiji boldy. Final duşuşygynda 6:4, 6:7, 6:4 hasaby bilen fransuz tennisçi Pýer-Hýuz Erberen üstün çykmagy başardy. Indi Medwedewiň  tennis hünärmenleri birleşiginde (ATP) onynjy kubogyny gazandy. Şu wagta çenli diňe “Uly tuwulga” ýaryşlarynda Medwedew ýeňiş gazanyp bilmedi. Şeýlelik bilen Daniil Medwedew tennis sportynyň dünýä reýtinginde ikinji orna galmagy başardy. Birinji orunda 12.008 utugy bilen serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç ýerleşýär. Medwedewiň utuk sany bolsa 9.940 barabardyr.

 

Lamelanyň ýatdan çykmajak goly

 

 

 

Ýene-de okaň

Konor Makgregor dolanyp gelýär

Ronaldo täze toparyndaky ilkinji goluny geçirdi

Messi Ronaldonyň rekordyny täzeledi

Teswirle