SPORT

“Spartak” toparyna daşary ýurtly tälimçi bellendi

Russiýanyň “Spartak” topary baş tälimçi wezipesine Ruý Witoriýany belledi. Portugaliýaly tälimçi bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşyldy. Bu barada toparyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Täze tälimçisiniň egindeşleri işe girişip, topary täze möwsüme taýýarlamak üçin jikme-jik meýilnama düzmäge başlady. Topar bilen tanyşlyk iýun aýynyň ortalarynda geçiriler, şonda toparyň futbolçylary dynç alyşdan gelerler.

Geçen ýylyň dekabr aýyna çenli 51 ýaşly Ruý Witoriýa Saud Arabystanyda işledi. Ol bu ýerde “Al-Nasr” topary bilen ýurduň çempiony boldy, Superkubogyny gazandy we Aziýanyň Çempionlar ligasynda ýarym finala çenli bardy.

Ruý Witoriýa “Spartak” toparynda ozalky tälimçi Domeniko Tedeskonyň ornuna bellendi. “Spartak” topary 2020/2021-nji ýylyň möwsüminde Russiýanyň çempionatynda 2-nji orny eýeledi we geljek ýyl Çempionlar Ligasynda çykyş eder.

– Täze synag taýýar! Şeýle uly topara hem-de onuň 100 ýyllygynyň bellenýän ýylynda tälimçilik etmek meniň üçin uly abraýdyr. Bilelikde täze üstünlikleri gazanarys – diýip, portugaliýaly tälimçi belläp geçdi.

 

Aşgabatda halkara guramalaryň wekilhanalary açylar

Ýene-de okaň

Aşgabat futbol ýyldyzlaryny kabul eder

Aşgabatda «Grassroots» çagalar futbol festiwaly geçirildi

Ronaldoly “Al-Nasr” bilen duşuşjak «Arkadag» topary düzümini güýçlendirýär

“Çelsi” topary Winisius üçin €150 milliondan gowrak teklip bermäge taýýar

Amorim “Mançester Ýunaýtediň” baş tälimçisi wezipesinden gitdi

Abdukodir Husanow 2025-nji ýylda Aziýanyň iň gowy ýaş futbolçysy boldy

Ata Watan Eserleri