TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Söýgüliler üçin ajaýyp ýer

Dubaý şäheriniň golaýynda ýerleşýän çölüň ortasynda söýgüliler üçin ajaýyp ýer bar. Gum depeleriniň ortasynda suw bilen kesişýän iki ýürekden ybarat ajaýyp “Söýgi köli” ýerleşdirilipdir. Şol kölde romantikany ýada salýan ak guwlar we ördekler ýüzýärler, suwuň boýunda güller, ösümlikler, ýürekler we beýleki söýgi nyşanlary bilen bezelen ýollar bilen bezelipdir. Şeýle hem kölüň gapdalynda ullakan “Love” (söýgi) ýazgysy bar. Tutuş toplum 16 müňden gowrak agaçdan we çöl howasynda ýaşap bilýän birnäçe müň dürli güllerden ybarat bolup durýar. Emma kölüň boýundaky gezelençler näçe ajaýyp bolsa-da, onuň hakyky göwrümini we gözelligini diňe howadan synlap bolýar. Şol sebäpli söýgüliler ýörite romantiki gezelençiň bir bölegi hökmünde uçar ýa-da dikuçar bilen “Söýgi kölüniň” üstünden uçup ajaýyp görki synlap bilerler. “Söýgi köli” çölüň ortasynda ýerleşendigi üçin, ol ýere islendik ulag bilen baryp bolar. Ýylda bu ýere ençeme söýgüliler we galybersede syýahatçylar köli synlamaga gelýärler.

 

“Apple” kompaniýasynyň täze planşeti

 

 

Ýene-de okaň

Döwlet Dumasynyň Başlygy şu gün Türkmenistana gelýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Azerbaýjanyň Eýrandaky ilçihanasyna edilen hüjümi ýazgardy

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini sapar bilen gelmäge çagyrdy

Ata Watan Eserleri

Teswirle