DÜNÝÄ

“Ýuwentus” wagtyndan öň çempion edilip bilner

27-nji martda Italiýada  futbol boýunça milli çempionaty dowam etdirilmedik halatynda hem çempion yglan edilip bilner. Bu barada Italiýanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy Gabriel Grawina habar berdi.

Häzirki wagtda Italiýanyň “Seria A” futbol çempionatynda 26 tapgyr geçirildi. Soňra dünýädäki ýiti respirator keseli zerarly futbol duşuşyklary yza süýşürildi. Şu wagt “Ýuwentus” topary milli çempionatda öňde barýar. Ikinji orny bolsa ”Lasio” topary eýeleýär. Çempionatyň duşuşyklary oýnalman galan halatynda hem çempion belli ediler.

– Möwsümi gutaryp bilmesek, futbol meýdançasynda geçirilen sport ýaryşlarynyň netijesini kesgitlemek isleýäris – diýip, Grawininiň çykyşyny “Football Italia” neşiri beýan edýär.

“Ýuwentusyň” 26 tapgyrdan soň 63 baly bar. Ikinji orundaky “Lasionyň” baly bolsa 62-ä deňdir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar

Tokayew: “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” sammitine taýýarlyk başlandy