8.9 C
Istanbul
02/06/2020 10:51
Home IŇ TÄZE HABAR Ýapon kompaniýasy Türkmenistanda harytlyk gaz desgasyny gurar

Ýapon kompaniýasy Türkmenistanda harytlyk gaz desgasyny gurar

«Türkmenhimiýa» we «Türkmengaz» döwlet konsernlerinde wideoaragatnaşyk arkaly Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation» kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meseleleri hem-de himiýa we nebitgaz senagatynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň bu pudaklarda oňyn tejribe toplandygy bellenildi. Sebitde iri «Garabogazkarbamid» zawodynyň işe girizilmegi we onuň öndürýän azot dökünleriniň dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolmagy munuň nobatdaky subutnamasydyr.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa bolan iş saparynyň çäklerinde resminamalar toplumyna, şol sanda «Mitsubishi Corporation» kompaniýasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ammiak we karbamid önümçiligi boýunça täze zawodyň gurluşygynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly resminama gol çekilmegi netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.

Nebitgaz senagatynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň köpşahaly düzümini we tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen, polimer hem-de beýleki gazhimiýa önümleriniň önümçiligi boýunça innowasion senagat toplumyny döretmek onuň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

«Türkmengaz» döwlet konserninde geçirilen onlaýn duşuşygynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmek boýunça kärhananyň deslapky tehniki taslamasyny taýýarlamak meselelerine garaldy. Bu desgany gurmak “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde meýilleşdirilýär.

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmenistan we Eýran serhetdäki gözegçilik nokatlaryny güýçlendirýärler

2020-nji ýylyň 30-njy maýynda «Sarahs–Sarahs», «Artyk– Lütfabat» we «Altyn Asyr– Inçeburun» gözegçilik-geçiriş nokatlarynda gurluşygy alnyp barylýan zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa desgalarynyň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek hem-de bu...

Türkmenistan bilen Ukrainanyň daşary işler ministrleriniň telefon sohbetdeşligi

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň daşary syýasat...

Iň güýçli türgenleriň sanawy düzüldi

Garyşyk sungaty boýunça rus türgenleri Fýodor Ýemeliýanenko we Habib Nurmagomedow  bu sportuň iň beýik on wekiliniň hataryna girýär, diýip bellenilýär. Bu barada Amerikanyň CBS...

Ženewa awto sergisi yza süýşürildi

Ýer ýüzünde iň iri awto sergileriniň biri bolan Ženewa awto sergisi wagtlaýynça togtadyldy. 600 müň adamyny özünde jemleýän bu sergi dünýädäki käbir sebäplere görä...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

“Mi Band 5” bilezigi

Müşderilerini innowasiýa we elýeterli tehnologik enjamlar bilen üpjün etmek ugrunda tagalla edýän Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy 11-nji iýunda meşhur akylly bileziginiň “Mi Bandynyň” täze agzasy...

Türkmenistan we Owganystanyň daşary işler ministrleri onlaýn duşuşdylar

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmar bilen wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşyk...

Bill Geýtsden waksina üçin 388 million dollar

“Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjy Bill Geýts ABŞ-da hereket edýän “Novavax” biotehnologiýa kompaniýasyna koronawirus waksinasyny döretmek üçin 388 million dollar maliýe kömegini berýär. Kompaniýa bu maliýe...

Pandemiýa Döwründe we Gyzgyn Howada Saglygy Goramak

2020-nji ýylyň 26-njy maýynda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň bilermenleri bilen dünýäde aýratyn howply ýokanç keseliň ýaýramagyny gözegçilikde...