SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ukraina Türkmenistan bilen howa gatnawlaryny dikeltmäge ymtylýar

Ukrainanyň infrastruktura ministri Wladislaw Krykliý 10-njy iýulda, Kiýewde Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Ataýew bilen iş duşuşygyny geçirdi ― diýip, ministrligiň resmi saýty habar berýär.

Taraplar iki ýurduň arasynda göni ýolagçy gatnawlaryny täzeden ýola goýmak mümkinçiligini we beýleki ugurlarda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Wladislaw Krykliý Ukrainanyň Türkmenistan bilen howa aragatnaşygyny täzeden ýola goýmak isleýändigini we bu meseläni «Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýolbaşçylary bilen ara alyp maslahatlaşmak üçin wideokonferensiýa görnüşinde maslahat geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Taraplar, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwdany ýokarlandyrmak üçin ulag hyzmatdaşlygyny gaýtadan dikeltmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi Toýly Ataýew Türkmenistanyň iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary dikeltmekde ukrain kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygyna gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Bu duşuşyga Ukrainanyň Döwlet awiasiýa gullugynyň başlygy Aleksandr Bilçuk we ministrligiň wekilleri hem gatnaşdy.    

Ýene-de okaň

Üstünlikler, tejribeler, hyzmatdaşlyk…

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi tanyşdyryldy

Mary welaýat inçekesel hassahanasy açyldy

Aşgabatda täze, döwrebap saglyk öýi açyldy

Ýurdumyzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy

“Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýeti Tejen we Daşoguz şäherlerinde saglyk merkezlerini gurar