29/10/2020 22:27
Home IŇ TÄZE HABAR Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň üstünlikleriniň sergisi geçirilýär. 2 gün dowam edýän sergide ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler görkezilýär.

Bu sergi ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň bilelikde gatnaşmagynda geçirilýär. Serginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň bu ykdysady gözden geçiriş dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlag haty okaldy.

Milli Liderimiziň Gutlagynda: “Ata Watanymyzyň ykdysady ösüşiniň täze belentliklere çykmagy bilen, halkymyzyň durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş derejesi barha ýokarlanýar. Çünki Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hemme ugurlarynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylýan ösüşler, ýetilýän belent sepgitler bir maksada — halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde üpjün edilmegine gönükdirilendir.” diýlip bellenilýär.

Bu sergi ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikleriň hem-de guwandyryjy sepgitleriň açylyp görkezilmegi babatda uly ähmiýete eýedir.

Sergide döwlet we hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagyndan 70-den gowrak diwarlyk ýerleşdirilip, ol ýerde ýurdumyzda öndürilýän önümler, harytlar hem-de hyzmatlar görkezilýär. Hususy pudagyň wekilleriniň hem köp böleginiň bu sergä gatnaşmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, galyberse-de önümçiliginde olaryň hem paýynyň yzygiderli ýokarlanmagy bilen şertlenendir.

Okap bilersiňiz  Türk Howa Ýollary : Aşgabat uçar gatnawlary barada

Şeýle hem serginiň çäklerinde «Sanly ykdysadyýet — ykdysady ösüşiň möhüm ugry» atly ylmy-amaly maslahat hem geçirilýär. Bu maslahat ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň sanlylaşdyrmagy babatda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylýan döwründe geçirilmeginiň hem özboluşly manysy bar.

Okap bilersiňiz  “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşigi: daşary ýurt raýatlary hem gatnaşyp bilýär

Bu maslahata gatnaşyjy bilermenler hem-de hünärmenler sanly ykdysadyýetiň ähmiýetine barada çykyşlar ediler.

Sergi 2 gün dowam edip, 19-njy sentýabrda, ýagny şu gün sagat 18:00-a çenli, 20-nji sentýabrda, ertir bolsa sagat 10:00-dan 17:00-a çenli öz işini dowam eder.

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Okap bilersiňiz  Beýik işe hyjuw barka ýürekde ýa-da şahyrlary okap nädip millioner bolmaly

IŇ TÄZE HABARLAR

Täze “super” ak reňk tapyldy

Amerikanyň “Perdýu” adyndaky uniwersitetiniň hünärmenleri 95,5% göterim Gün şöhlelerini serpikdirmäge mümkiçlik berýän, aşa ýokary hilli ak boýagy döretdiler. Boýagyň düzüminde kalsiý karbonatyň saklanmagy täze...

Stambul metrosynyň täze ugurlary

28-nji oktýabrda Türkiýede “Mejidiýeköý– Mahmutbeý” ugry boýunça täze metro açyldy. Ilkinji ugry göni aragatnaşyk Stambul şäheriniň hkimi Ekrem Imamoglunyň görkezmesi esasynda sagat 12:00-da başlady....

Nikol Kidmanyň täze taslamasy

Awstraliýaly 53 ýaşly aktrisa Nikol Kidman, Endrýu Bowelliň drama eseri esasynda surata düşüriljek “Bu zatlaryň hakykatdygyny bilýärin” dramasynda baş keşbi janlandyrjakdygyny mälim etdi. Kidman...

Muskyň kosmos internetiniň bahasy

Elon Muskyň eýeçiligindäki hususy kosmos kompaniýasy “SpaceX” -iň hemra esasly global internet taslamasy “Starlink” -iň bahasy mälim edildi.
Okap bilersiňiz  Saçda pizza
Hususy kosmos kompaniýasy “SpaceX” -iň iň möhüm...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Italiýadan dokma enjamlary, Awstriýadan aragatnaşyk enjamlary satyn alnar

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň dokma pudagyny hem-de aragatnaşyk ulgamyny has-da ösdürmäge degişli möhüm resminamalara gol çekdi. ITALIÝADAN...

Nädip benziniň sarp edilşini tygşytlamaly

Ilkibaşdan, bilmeli zadymyz: siziň wezipäňiz — benziniň sarp edilişini azaltmak däl-de, onuň artykmaç harçlanmagynyň öňüni almakdyr. Dürli görnüşli enjamlary ulanmak arkaly benziniň sarp edilişini...

Saçda pizza

Mähriban okyjylar, men size bu gezek gysga wagtyň dowamynda saçda pizza taýýarlamagy öwretmekçi. Munuň üçin gerekli önümler: 2 sany ýumurtga 2 nahar çemçe uýadylan...

 Sahypalara sygmadyk söýgi

                         (hakyky durmuşdan alnan)  ...Agzybir  maşgaladaky bu günki gykylyk hemmeleri geň galdyrdy. Bu wakalaryň sebäpkäri hökmünde anyk biri görkezilip bilinmezdi, emma Bahar daýza hiç çekinmän...