No menu items!
8.9 C
Istanbul
13/08/2020 14:41
No menu items!
Home BILIM Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

2020/2021-nji okuw ýyly üçin bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Ma­te­ma­ti­ka we me­ha­ni­ka (taý­ýar­ly­gyň ugry: ama­ly ma­te­ma­ti­ka we in­for­ma­ti­ka).
  2. Bio­lo­gi­ýa ylym­la­ry (taý­ýar­ly­gyň ugur­la­ry: öý­jük we mo­le­kul­ýar bio­lo­gi­ýa; ge­ne­ti­ka we bioinži­ni­ring; mik­ro­bio­lo­gi­ýa).
  3. Hi­mi­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry (taý­ýar­ly­gyň ugurla­ry: hi­mi­ki teh­no­lo­gi­ýa; hi­mi­ki in­ži­ni­ring).
  4. Se­na­gat eko­lo­gi­ýa­sy we bio­teh­no­lo­gi­ýalar (taý­ýar­ly­gyň ug­ry: bio­teh­no­lo­gi­ýa).
  5. Ma­te­rial­la­ryň teh­no­lo­gi­ýa­lary (taý­ýar­ly­gyň ug­ry: ma­te­rial­la­ry öw­ren­mek we tä­ze ma­te­rial­la­ryň teh­no­lo­gi­ýa­sy).
  6. Na­no­teh­no­lo­gi­ýa­lar we na­no­ma­te­rial­lar (taý­ýar­ly­gyň ug­ry: na­no­ma­te­rial­lar).
  7. Ýe­ri öw­re­niş ylym­la­ry (taý­ýar­ly­gyň ug­ry: eko­lo­gi­ýa we te­bi­gat­dan peý­da­lan­mak).
  8. In­for­ma­ti­ka we ha­sap­la­ýyş teh­ni­ka­sy (taý­ýar­ly­gyň ugur­la­ry: in­for­ma­ti­ka we ha­sap­la­ýyş teh­ni­ka­sy; mag­lu­mat ul­gam­la­ry we teh­no­lo­gi­ýa­lary; san­ly inf­rast­ruk­tu­ra we ki­ber­howp­suz­lyk; mo­bil we tor in­ži­ni­ring; ani­ma­si­ýa we gra­fi­ka di­zaý­ny).
  9. Ma­şyn­gur­lu­şyk (taý­ýar­ly­gyň ugur­la­ry: awto­mat­laş­dyr­mak we do­lan­dyr­mak; me­hat­ro­ni­ka we ro­bot teh­ni­ka­sy).
  10. Teh­ni­ki ul­gam­lar­da do­lan­dy­ryş (taý­ýarly­gyň ug­ry: in­no­wa­ti­ka).
  11. Elekt­ro­ni­ka, ra­dio­teh­ni­ka we ara­gat­naşyk ul­gam­la­ry (taý­ýar­ly­gyň ug­ry: elekt­ro­ni­ka we na­noe­lekt­ro­ni­ka).
  12. Fo­to­ni­ka, ab­zal­gur­lu­şyk, op­ti­ki we bioteh­ni­ki ul­gam­lar we teh­no­lo­gi­ýa­lar (taý­ýar­lygyň ug­ry: bio­luk­man­çy­lyk elekt­ro­ni­ka­sy).
  13. Yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş (taý­ýar­ly­gyň ugur­la­ry: iş­gär­le­ri do­lan­dy­ryş; in­no­wa­sion yk­dy­sady­ýet; san­ly yk­dy­sa­dy­ýet; teh­no­lo­gi­ýa işe­wür­li­gi).
  14. Fi­zi­ka-teh­ni­ki ylym­lar we teh­no­lo­gi­ýalar (taý­ýar­ly­gyň ug­ry: hä­zir­ki­za­man teh­no­lo­gi­ýa­laryň fi­zi­ka­sy).
  15. Dil bi­li­mi we ede­bi­ýa­ty öw­re­niş (taý­ýar­lygyň ug­ry: fi­lo­lo­gi­ýa (teh­ni­ki iň­lis di­li we ýa­pon di­li)).

Uni­wer­si­tet­de okuw­lar tö­leg­li esas­da 1 ýyl dil öw­re­niş bö­lü­min­de iň­lis we ýa­pon dil­le­ri­ni çuň­laşdy­ryp öw­re­nen­le­rin­den soň­ra, ba­ka­lawr­la­ry taý­ýarla­ma­gyň mak­sat­na­ma­sy bo­ýun­ça iň­lis we ýa­pon dil­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýar.

Uni­wer­si­te­te Türk­me­nis­ta­nyň umu­my or­ta ýada or­ta hü­när bi­lim­li, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýatla­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry we­la­ýat mer­kez­le­rin­de we Aş­ga­bat şä­he­rin­de 2020-nji ýy­lyň 6 — 19-njy iýu­ly ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

—bel­le­ni­len nus­ga­da rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);

— umu­my or­ta (ýa-da or­ta hü­när) bi­lim ba­ra­daky res­mi­na­ma (asyl nus­ga­sy);

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we derman se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rin­den, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çe­si­niň tas­sykla­nan gö­çür­me­si;

—gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýag­da­ýyn­da ar­tyk­maç­lyk­lar­dan peý­da­lan­ýan­lar oku­wa gir­ýän ýylyn­da mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ders­ler bo­ýun­ça döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pary­nyň ag­za­la­ry umu­my­bi­lim ders­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şan, şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li res­mi­na­ma­la­ryň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar­lar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dirýän­ler ýo­kar­da gör­ke­zi­len res­mi­na­ma­lar bi­len birlik­de res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşakda­ky­la­ry gör­kez­ýär we nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— şah­sy pas­por­ty­ny;

— Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­rin­de har­by gul­lu­gy ge­çen­ler har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny, har­by gullu­gy geç­me­dik ýi­git­ler ýa­zy­lyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan peý­da­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­leki res­mi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler.

Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we res­mi iş ka­gyzla­ry üçin da­laş­gär şah­sy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek uni­wer­si­tet­de (Aş­ga­bat şä­he­ri) aşak­da­ky möh­letler­de ge­çi­ril­ýär:

Aş­ga­bat şä­he­ri — iýul aýy­nyň 22-si, 23-i we 24-i gün­le­ri;

Bal­kan we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 23-i, 24-i we 25-i gün­le­ri;

Ahal we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 24-i, 25-i we 26-sy gün­le­ri;

Ma­ry we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 25-i, 26-sy we 27si gün­le­ri;

Da­şo­guz we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 26-sy, 27-si we 28-i gün­le­ri;

Le­bap we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 27-si, 28-i we 29-y gün­le­ri.

Gi­riş sy­nag­la­ry aşak­da­ky ders­ler bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýär: hi­mi­ki teh­no­lo­gi­ýa; hi­mi­ki in­ži­ni­ring; ma­terial­la­ry öw­ren­mek we tä­ze ma­te­rial­la­ryň teh­nolo­gi­ýa­sy; na­no­ma­te­rial­lar taý­ýar­ly­gyň ugur­la­ry — hi­mi­ýa, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

öý­jük we mo­le­kul­ýar bio­lo­gi­ýa; ge­ne­ti­ka we bioin­ži­ni­ring; bio­teh­no­lo­gi­ýa; mik­ro­bio­logi­ýa; eko­lo­gi­ýa we te­bi­gat­dan peý­da­lan­mak taý­ýar­ly­gyň ugur­la­ry — bio­lo­gi­ýa, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy. hä­zir­ki­za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň fi­zi­ka­sy;

infor­ma­ti­ka we ha­sap­la­ýyş teh­ni­ka­sy; aw­to­matlaş­dyr­mak we do­lan­dyr­mak; me­hat­ro­ni­ka we ro­bot teh­ni­ka­sy; elekt­ro­ni­ka we na­noe­lekt­roni­ka; san­ly yk­dy­sa­dy­ýet; san­ly inf­rast­ruk­tu­ra we ki­ber­howp­suz­lyk taý­ýar­ly­gyň ugur­la­ry — fi­zika, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

ama­ly ma­te­ma­ti­ka we in­for­ma­ti­ka; mag­lu­mat ul­gam­la­ry we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry; mo­bil we tor inži­ni­ring; ani­ma­si­ýa we gra­fi­ka di­zaý­ny; in­no­wati­ka; in­no­wa­sion yk­dy­sa­dy­ýet; teh­no­lo­gi­ýa işewür­li­gi; iş­gär­le­ri do­lan­dy­ryş taý­ýar­ly­gyň ugur­la­ry — ma­te­ma­ti­ka, fi­zi­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

bio­luk­man­çy­lyk elekt­ro­ni­ka­sy taý­ýar­ly­gyň ug­ry — bio­lo­gi­ýa, fi­zi­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

fi­lo­lo­gi­ýa (teh­ni­ki iň­lis di­li we ýa­pon di­li) taý­ýar­ly­gyň ug­ry — iň­lis di­li, fi­zi­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy.

Şu taý­ýar­ly­gyň ug­ry bo­ýun­ça okuw­lar tö­leg­li esas­da ba­ka­lawr­la­ry taý­ýar­la­ma­gyň mak­sat­na­masy bo­ýun­ça iň­lis we ýa­pon dil­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýar.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nis­tanyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.

Äh­li ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­linde dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­ni­len wag­tynda sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä gel­me­dik­ler ýada ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dikler soň­ky sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça deň mukdar­da ba­ha alan­lar­dan ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan aşak­da gör­ke­zi­len­ler peý­da­lan­ýar­lar:

— saý­lan ugry bo­ýun­ça 2 ýyl­dan az bol­ma­dyk iş tej­ri­be­si bo­lan­lar;

— ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy ge­çen­ler.

Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., Kö­şi kö­çe­si, 100, tel.: 39-16-67.

IŇ TÄZE HABARLAR

Pareho “Wilýareala” geçdi

Ispaniýanyň “La Liga” çempionatynda çykyş edýän “Wilýareal’ topary Frensis Koklendan soňra “Walensiýa” toparynyň kapitany bolan Dani Parehony öz düzümine goşdy. Pareho topar bilen 4...

Matuidi Amerika barýar

Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň ýarymgoragçy Bleýz Matuidi bilen şertnamasynyň tamamlanandygy mälim edildi. Taraplar özara ylalaşyk esasynda şertnamany bes etdiler. Fransuz raýaty 2017-nji ýyldan bäri “Ýuwentus”-da çykyş...

Lihtştaýner futboly taşlady

Şweýsariýa futbol federasiýasynyň resmi web sahypasyda “Ýuwentusyň” we “Arsenalyň” öňki goragçysy Ştefan Lihtştaýner özüniň futbol ýoluny tamamlandygyny habar berdi. “Eziz janköýerlerim üçin şu wagta çenli...

Ýol hereketine gözegçiligi talaba laýyk guramak tabşyryldy

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 12-nji awgustda geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow içeri işler ministri M.Çakyýewiň ünsüni ýol-gözegçilik gullugynyň alyp barýan işlerine çekdi. Döwlet Baştutany ministrligiň ähli...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy :Ulaglaryň ortaça tizligi anyklanýar

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan berilen  bildiriş “Türkmenistan” gazetinde neşir edildi. Şol bildirişde iki nokadyň arasynda geçilen ýoluň hasaba alynmagy...

Kino durmuşy üstünliklere baý aktýor

Meşhur aktýoryň ömri Jon Kristofer Depp 1963-nji ýylyň 9-njy iýunynda Owensboro (ABŞ, Kentukki) şäherinde dünýä indi. Kakasy Jon Kristofer Depp Sr. gurluşyk inženeri bolup işleýärdi,...

«Mähirli dogan» üzärlikli sabyn öndürýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Mähirli dogan» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan üzärlikli sabyn önümçiligi ýola goýuldy. «Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, 90 hem-de 100 gram...

Prokurorlar: Wezipä bellemek we wezipeden boşatmak

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekti.  Bu Karar bilen prokurorlar wezipe bellendi we käbirleri wezipeden boşadyldy. ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi...