No menu items!
8.9 C
Istanbul
13/08/2020 15:20
No menu items!
Home BILIM Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Se­na­gat we ra­ýat jaý gur­lu­şy­gy.
  2. Gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry­ny we demir­be­ton konst­ruk­si­ýa­la­ry­ny ön­dürme­giň teh­no­lo­gi­ýa­sy.
  3. Ama­ly geo­de­zi­ýa.
  4. Suw üp­jün­çi­li­gi we la­gym suwla­ry­ny ak­dy­ryş.
  5. Ener­gi­ýa ho­ja­ly­gy we elekt­rik üp­jün­çi­li­gi.
  6. Aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň we aerod­rom­la­ryň gur­lu­şy­gy we ula­ny­lyşy.
  7. Yk­dy­sa­dy­ýet we me­ýil­na­ma­laşdy­ryş.
  8. Bi­na­gär­lik.
  9. Buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy.
  10. Gu­ýu­la­ry bar­la­ma­gyň geo­fi­zi­ki usul­la­ry.
  11. Ne­bit we gaz kän­le­ri­ni iş­läp geç­mek.
  12. Mag­lu­ma­tlary iş­läp taý­ýar­lama­gyň we do­lan­dyr­ma­gyň aw­to­matlaş­dy­ry­lan ul­gam­la­ry.
  13. Goz­gal­ma­ýan em­läk­le­riň eksper­ti­za­sy we do­lan­dy­ry­ly­şy.
  14. Ýy­ly­lyk, gaz üp­jün­çi­li­gi we howa çal­şy­gy.

Or­ta hü­när okuw mek­de­bi­ne Türk­menis­ta­nyň umu­my or­ta bi­lim­li, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýat­la­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da kabul edil­ýär.

Oku­wyň möh­le­ti 2,5 ýyl we tö­leg­li.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Aş­ga­bat şä­herin­de 2020-nji ýy­lyň 6-njy iýu­ly — 8-nji aw­gus­ty ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);

— umu­my or­ta bi­lim ba­ra­da res­mina­ma­nyň asyl nus­ga­sy;

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rinden, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— bel­le­ni­len nus­ga bo­ýun­ça okuw üçin tö­le­gi öz wag­tyn­da amal et­me­giň ke­pil ha­ty;

— 3×4 sm öl­çeg­de se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çesi­niň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li geçen ýag­da­ýyn­da ar­tyk­maç­lyk­lar­dan peý­da­lan­ýan oku­wa gir­ýän ýy­lyn­da mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ders­ler boýun­ça döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri, umu­my­bi­lim ders­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­me­nis­tanyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li res­mina­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar­lar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän­ler ýo­kar­da gör­ke­zi­len resmi­na­ma­lar bi­len bir­lik­de res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry görkez­ýär­ler we nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— şah­sy pas­por­ty­ny;

— Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­lerin­de har­by gul­lu­gy ge­çen­ler har­by şaha­dat­na­ma­sy­ny, har­by gul­lu­gy geç­medik ýi­git­ler ýa­zy­lyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­killik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan peý­da­lan­ýandy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mi­nama­la­ry gör­ke­zip bi­ler.

Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we res­mi iş ka­gyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek 2020-nji ýy­lyň aw­gust aýy­nyň 11-12-si, 14-i we 15-i gün­le­rin­de Türkme­nis­ta­nyň Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik ministr­li­gi­niň Aş­ga­bat gur­lu­şyk or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry aşak­da­ky ders­ler bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýär:

bi­na­gär­lik hü­nä­ri — su­rat we gra­fika, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

ga­lan äh­li hü­när­ler — fi­zi­ka, mate­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy. Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türkme­nis­ta­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­lenen wagt­da sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä ge­lip bil­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dikler soň­ky sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça deň muk­dar­da ba­ha alan­lar­dan ta­lyply­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan aşak­da gör­ke­zi­len­ler peýda­lan­ýar­lar:

— saý­lan hü­nä­ri bo­ýun­ça 2 ýyl­dan az bol­ma­dyk iş tej­ri­be­si bo­lan­lar;

— ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy ge­çen­ler.

Türk­me­nis­ta­nyň Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gi­niň Aş­ga­bat gur­lu­şyk or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny Gur­ban­sol­tan eje şa­ýo­ly, 10, tel.: 28-07-74, 28-20-03, 28-08-82.

IŇ TÄZE HABARLAR

Ýer gazyp, hazyna tapýanlar häzirem bar

Şotlandiýaly höwesjeň arheolog Mariuş Stepýen metal detektoryň kömegi bilen 3 müň ýyllyk taryhy bolan hazynanyň üstünden bardy. «The Guardian» neşiriniň ýazmagyna görä, hazyna 1,5 metr...

“Skoda”-nyň täze ulagy

Ýakynda käbir maglumatlary bilen tanyşdyrylan «Skoda Enyaq» awtoulagy daşky dizaýny bilen hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Bu awtoulag kompaniýanyň 1-nji sentýabrda tanyşdyrmak isleýän ilkinji elektrik...

Russiýa halkara uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Koronowirus pandemiýasy sebäpli, ara düşen uzak arakesmeden soňra, Russiýa Federasiýasy awiagatnawlary amala aşyrýan döwletleriniň sanawyny köpeltmekçi. Metbugat maglumatlaryna görä, 1-nji sentýabrdan başlap, Gazagystan, Täjigistan...

Pareho “Wilýareala” geçdi

Ispaniýanyň “La Liga” çempionatynda çykyş edýän “Wilýareal’ topary Frensis Koklendan soňra “Walensiýa” toparynyň kapitany bolan Dani Parehony öz düzümine goşdy. Pareho topar bilen 4...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Saýlama duşuşyklary yza süýşürildi

Köp ýurtda häzirki COVID-19 ýagdaýyny göz öňünde tutup, FIFA we Aziýa Konfederasiýasy (AFK) “FIFA Dünýä çempionaty Katar 2022” we “AFK Aziýa Kubogy Hytaý 2023”...

Hazar düwlenleri: ýe­ke-täk süý­dem­di­ri­ji­

Dür­li guş­la­ryň, ba­lyk­la­ryň me­ka­ny bo­lan Ha­zar deň­zin­de olar­dan baş­ga-da leň­ňeç­ler, suw pyş­dyl­la­ry, suw ýy­lan­la­ry, düw­len­ler ýa­ly suw jan­dar­la­ry hem ýa­şa­ýar­. Süýdem­di­ri­ji­ler maş­ga­la­sy­na de­giş­li Ha­zar...

Ilkinji rus syýahatçylar topary Antalýa geldi

Türkiýe bilen Russiýa döwletleriniň arasynda halkara uçar gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň çäklerinde 519 rus syýahatçysy Türkiýäniň iň naýbaşy dynç alyş merkezi ýagny “syýahatçylyk paýtagty” hasaplanýan...

Jemagat töleglerini poçta bölümlerinde töläň!

Türkmenistanlylar mundan beýläk elektrik, suw, gaz üpjünçiligi, ýyladyş we zibil aýyrmak ýaly jemagat töleglerini «Türkmenpoçtanyň» ýerlerdäki bölümlerine baryp töläp bilerler. Bu barada kompaniýanyň resmi...