No menu items!
8.9 C
Istanbul
10/08/2020 1:54
No menu items!
Home BILIM TÜRKMENISTANYŇ GAHRYMANY ATAMYRAT NYÝAZOW ADYNDAKY ÝÖRITELEŞDIRILEN BANK MEKDEBI

TÜRKMENISTANYŇ GAHRYMANY ATAMYRAT NYÝAZOW ADYNDAKY ÝÖRITELEŞDIRILEN BANK MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Bank amallarynyň tehnologiýasy.
  2. Bank karzlaşdyrmasy.
  3. Banklarda buhgalterçilik hasaba alnyşy.

Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2 ýyl we tölegli.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 6-njy iýuly — 8-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3×4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2020-nji ýylyň awgust aýynyň 11-12-si, 14-i we 15-i günlerinde Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy we jemgyýeti öwreniş derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., 1916-njy (B.Annanow) köçe, 129, tel.: 28-71-56, 28-71-66.

IŇ TÄZE HABARLAR

Keselleriň öňüni almak üçin…..

Özüňi goramak üçin : howpsuz aralygy berjaý etmekligiň ýokanç keselleriň döredijisiniň ýokuşmagyndan netijeli goraýandygyny ýatdan çykarman, jemgyýetçilik ýerlerinde 2 metrden az bolmadyk aralygy saklamaly; ...

Türkmenistanda Internet –peýdaly web saýtlaryň käbirleri

Soňky wagtlarda ýurdumyzda hususy web saýtlardan daşgary döwlet edara we döwlete degişli guramalara degişli web saýtlarlar yzygiderli açylýar, köp ýyllardan bäri bar bolanlar hem...

Türkmenistanda Mastercard – halkara töleg kartlary

MasterCard Maestro – bu kart kartlaryň içinde örän ýönekeýi. Nagt pul almak, söwda nokatlarynda hasaplaşmak ýaly hyzmatlary amala aşyrmak üçin niýetlenen. MasterCard Standard – bu...

Türkmen Bilim insanı Dr.Sarıyev’e Türkiye’de önemli görev

Türkiye’de öğretim üyeliği yapan  Doç.Dr. Berdi Sarıyev Türkiye’de önemli bir  göreve seçildi. Ankara Üniversitesi Dil ve Tarih-Cografya Fakültesi'nde öğretim üyesi Dr. Sarıyev, Atatürk Kültür,...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Filmiň maslahatlaryna eýerip, halas boldy

Beýik Britaniýaly 10 ýaşly oglanjyk bir başdangeçirmeli filmde berilýän maslahatlara eýerip, deňizde gark bolmakdan halas boldy ― diýip, «Daily Mail» ýazýar. Gazeti habaryna görä, Nort-Ýorkşir...

Döwlet migrasiýa gullugy habar berýär

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasportyny almak (çalşyrmak) üçin elektron nobata ýazylyş hyzmatyny hödürleýär. Bu hyzmat  barada  maglumat www.migration.gov.tm saýtynda  berilýär....

Türkmenistan we Germaniýa : COVID-19 pandemiýasyna garşy göreş

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşit Meredow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň DIM-niň Döwlet Sekretary Migel Bergeriň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňişleýin düzümine seredip,...

COVID-19 sanjymy: lukmançylyk synaglaryna başlady

ABŞ-nyň “Johnson & Johnson”derman kärhanasy täze koronawirus (Covid-19) sanjymyny synagdan geçirip başlady. “Clinical Trials Arena” internet neşiriniň habar bermegine görä, kompaniýa ABŞ-da we Belgiýada...