No menu items!
8.9 C
Istanbul
13/08/2020 13:34
No menu items!
Home BILIM TÜRKMENISTANYŇ ENERGETIKA MINISTRLIGINIŇ AŞGABAT ENERGETIKA ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

TÜRKMENISTANYŇ ENERGETIKA MINISTRLIGINIŇ AŞGABAT ENERGETIKA ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Elektrik beketler, ýaýlymlar we ulgamlar.
  2. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.
  3. Ýylylyk beriji elektrik beketleri.
  4. Elektrogeçiriji ugurlaryny gurnamak we ulanmak.
  5. Ýylylyk üpjünçiligi we ýylylyk tehniki abzallary.
  6. Elektrik beketlerinde suwuň, ýangyjyň we çalgy materiallaryň tehnologiýasy.
  7. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.
  8. Kompýuter torlary.
  9. Iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi.

Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2 ýyl 6 aý we tölegli.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 6-njy iýuly — 8-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2020-nji ýylyň awgust aýynyň 11-12-si, 14-i we 15-i günlerinde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň salgysy:

Aşgabat ş., Oguz han köçesi, 13, tel.: 49-48-07, 49-48-04.

IŇ TÄZE HABARLAR

Pareho “Wilýareala” geçdi

Ispaniýanyň “La Liga” çempionatynda çykyş edýän “Wilýareal’ topary Frensis Koklendan soňra “Walensiýa” toparynyň kapitany bolan Dani Parehony öz düzümine goşdy. Pareho topar bilen 4...

Matuidi Amerika barýar

Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň ýarymgoragçy Bleýz Matuidi bilen şertnamasynyň tamamlanandygy mälim edildi. Taraplar özara ylalaşyk esasynda şertnamany bes etdiler. Fransuz raýaty 2017-nji ýyldan bäri “Ýuwentus”-da çykyş...

Lihtştaýner futboly taşlady

Şweýsariýa futbol federasiýasynyň resmi web sahypasyda “Ýuwentusyň” we “Arsenalyň” öňki goragçysy Ştefan Lihtştaýner özüniň futbol ýoluny tamamlandygyny habar berdi. “Eziz janköýerlerim üçin şu wagta çenli...

Ýol hereketine gözegçiligi talaba laýyk guramak tabşyryldy

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 12-nji awgustda geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow içeri işler ministri M.Çakyýewiň ünsüni ýol-gözegçilik gullugynyň alyp barýan işlerine çekdi. Döwlet Baştutany ministrligiň ähli...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Duýgur leňňeçler kimler

12 ýyldyzyň 4-njisi bolan seretan (leňňeç) — (22.06 —22.07) duýgur we akyllydyr.  Halaýan reňki —mämişi. Güli ak bägüldir. Üstünlik getirýän daşy merjendir.  Müneçjimleriň aýtmagyna...

«Mekan» türkmen talyplary üçin gezelenç gurady

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde 2003-nji ýylda döredilen Türkmen medeniýetiniň «Mekan» jemgyýeti her ýylky däbine eýerip, şäherde okaýan türkmenistanly talyplar üçin gezelençleri guraýar. Şu gezekki gezelenç...

Meniň şapagym

Soradylar menden bagtyň syryny Birneme oýlandym durmuşym hakda Haçan nirede näwagt neneň Özümi bagtly bagtyýar saýdym   Asudalyk bolsa ýürek töründe, Öňkülerdeý ynjamasa gursagyñ Sähel zada joşup galkynsa göwün Ana şol mysaly...

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň duşuşyklary 2021-nji ýyla geçirildi

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň oktýabr we noýabr aýlarynda geçirilmegi meýilleşdirilen halkara duşuşyklary 2021-nji ýyla geçirildi. Bu barada AFK resmi saýtynda habar berdi. 2020-nji ýylda COVID-19...