22/10/2020 9:05
Home IŇ TÄZE HABAR Türkmenistan Russiýanyň koronawirus sanjymyna ýokary baha berdi

Türkmenistan Russiýanyň koronawirus sanjymyna ýokary baha berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Milli Liderimiz telefon söhbetdeşliginiň barşynda Rus Liderini doglan güni bilen gutlady.

Söhbetdeşligiň barşyndan giň gerimde ösdürilýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň sazlaşykly ösdürilmeginde bilelikdäki hökümetara toparyň möhüm orun degişlidigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň dürli edaralarynyň we hususy düzümleriň arasyndaky islndik gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Şol bir agtyň özünde saglyk we derman senagaty ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda russiýaly alymlaryň koronawirus ýokanjyna garşy waksinany döretmek boýunça soňky döwürde gazanýan netijelerine uly baha berilýär hem-de Russiýa bilen bu ugurda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ynam bildirilýär.

Sebitara hem-de halkara meseleler boýunça pikir alyşmalaryň barşynda Hazarýaka ýurtlaryň bäştaraplaýyn syýasy gatnaşyklarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine deglip geçildi. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň awgustynda kenarýaka döwletleriň ýolbaşçylary nobatdaky 6-njy Hazar sammitini Türkmenistanda geçirmek babatda ylalaşdylar.

Okap bilersiňiz  Hoş habar: Daşary ýurtdaky raýatlarymyz üçin ýene bir ýörite gatnaw

Şunuň bilen baglylykda 2 ýylyň dowamynda daşary syýasat edaralaryň ulgamy boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýokary derejedäki Hazar sammitiniň gepleşikleri boýunça gol çekiljek resminamalar ara alnyp maslahatlaşylýar.

Okap bilersiňiz  Türkmen biologlary ýerli ösümliklerden krahmal alýarlar

Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz russiýaly kärdeşini özi üçin amatly pursatda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz rus kärdeşini doglan güni bilen gutlap, gutlag hatyny hem iberdi.

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  Hindistandan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmaga uly gyzyklanma

IŇ TÄZE HABARLAR

Gülälek Gulmyradowa:Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

Dünýäde şeýlebir bagt bar, ol seniň çagalyk arzuwlaryň wysal bolanda ýüze çykyp, seniň nurly dideleriňe mähir – muhabbete besläp, başyňy göge ýetirýär. Ol bagt...

“Garagum ýalkymy : Wideo we Foto Habar

Gözel Diýarymyzyň Garagum sährasyndaky köp ýyllardanbäri ody sönmeýän Derweze gaz krateridir. Ol “Garagum ýalkymy” diýlip atlandyryldy. Biz bu barada öň saýtymyza Foto Habar ýerleşdiripdik....

Öz asyrynyň ogly : Jelaleddin Meňburny

Häzire çenli “Jelaleddin Türkmen ýa-da Jelaleddin Meňburny” atly makalamyzyň 3 bölümini saýta ýerleşdirdik. Häzir bolsa makalamyzyň soňky bölümini Size ýetirýäris.
Okap bilersiňiz  Merkezi we Günorta Aziýa sebitiniň energetika hyzmatdaşlygy
Ýurdy goramaklygyň meselelerine garan ýokary...

Barselona oýunçylary bilen şertnamalaryny täzeledi

Futbol sportunuň beýik toparlarynyň biri hasaplanylýan “Barselona” futbol topary, özüniň esasy düzümde çykyş edýän derwezewan Mark Ter Ştegen, goragçy Jerard Pike, Kleman Lengle we...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Aýtmasy kyn bolan “üç söz”

(hekaýa) Içimi dertdeş gündeligime dökäýmesem başga hiç kime aýdyp bilemok. Öňler kinolarda görenimde ýa bolmasa çeper eserlerde okanymda, aşyk öz magşugyna şol jadyly “üç sözi”...

Armanly söýgi

Ol ýyllar durmuşymdaky iň süýji ýatlamalardy... Birazjyk hem ýüregimi daglaýardy... Meniň durmuşymyň manysyna öwrülen söýgim, nurana ýüzli Gözelimdi. Ol perişde ýaly sada, päkize, akýürekli perizatdy...

NASA Aýda 4G tehnologiýasyny gurar

“NASA” we “Nokia” kompaniýasy bilelikde Aýda 2028-nji ýyla çenli 4G tehnologiýasyny işlemäge gönükdirilen taslamany durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Amerikan Aerokosmos Guramasy (NASA) we “Nokia” tehnologiýa kompaniýasy...

Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlaryny bermegiň Tertibi

Türkmenistanda Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlaryny bermegiň Tertibi tassyklanyldy. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň 2020-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda çykaran 507-Ö belgili buýrugy...