JEMGYÝET

Türkmenistan Garaşsyzlyk toýuny toýlaýar

Türkmenistanyň baş baýramy – Garaşsyzlyk güni mynasybetli dürli dabaralar geçirildi. “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygy bellenýär.

Şanly baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda birnäçe dabaralar geçirildi. Baş baýramyň dabaralary Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Soňra paýtagtymyzyň Garaşsyzlyk meýdanynda dabaraly harby ýöriş hem-de beýleki dabaralar geçirildi.

Harby ýörişden soňra ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikleri görkezýän ulaglaryň geçişi boldy. Bu ulaglaryň üstünde ýurdumyzyň nebit we gaz, himiýa, dokma, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy we beýleki ugurlaryndaky üstünlikleri hem-de milli ykdysadyýetimiziň giň mümkinçilikleri görkezildi.

Baş baýramymyza bagyşlanan dabaranyň ahyrynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň Watanymyzy wasp edip ýerine ýetiren aýdymy hem-de  gadymy türkmen medeniýetiniň baş nyşanyna öwrülen küştdepdi tansy bilen jemlendi.

«Älem» medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaraly konsert bolar. Onda ýurdumyzyň sungat ussatlary çykyş ederler.

Bulary hem okaň

Hormatly Prezidentimize ahalteke bedewi sowgat edildi

Garaşsyzlyk baýramy: Dabaraly harby ýöriş geçirildi

Şäherara awtobus gatnawlary haçan başlaýar?

Kanuny kim kabul edýär: Halk Maslahatymy ýa-da

 

Ýene-de okaň

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Dostluk” gämisi üçin Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Azerbaýjanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik