No menu items!
8.9 C
Istanbul
13/08/2020 14:05
No menu items!
Home BILIM «TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY» AGENTLIGINIŇ TÜRKMENABAT ŞÄHERINDÄKI DERÝAÇYLYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

«TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY» AGENTLIGINIŇ TÜRKMENABAT ŞÄHERINDÄKI DERÝAÇYLYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Gämi sürüjilik.
  2. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi (pudaklar boýunça).
  3. Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy.
  4. Senagat we raýat jaý gurluşygy.
  5. Gidromeliorasiýa.
  6. Maglumaty goramagyň tehnologiýasy we ony goramak.
  7. Ulaglarda gatnawlary guramak we dolandyrmak (görnüşleri boýunça).
  8. Köp kanally telekommunikasiýa ulgamlary.
  9. Iş kagyzlarynyň dolanşygyny guramak we arhiw işi.
  10. Kompýuter ulgamlarynda programmirlemek.
  11. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (pudaklar boýunça).
  12. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.

Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti hünärine görä degişlilikde 2,5 ýyl we tölegli.

Resmi iş kagyzlary Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde 2020-nji ýylyň 6-njy iýuly — 8-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2020-nji ýylyň awgust aýynyň 11-12-si, 14-i we 15-i günlerinde «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde (Türkmenabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

iş kagyzlarynyň dolanşygyny guramak we arhiw işi hünäri — türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanyň taryhy;

jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy hünäri — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş, buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünärleri — matematika, jemgyýeti öwreniş we Türkmenistanyň taryhy;

Maglumaty goramagyň tehnologiýasy we ony goramak , kompýuter ulgamlarynda programmirlemek hünärleri — informatika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

galan ähli hünärler — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

«Türkmendeňizderýaýollary»

agentliginiň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Türkmenabat ş.,

Gurbansoltan eje köçesi, 21,

tel.: 7-44-52, 3-63-63.

IŇ TÄZE HABARLAR

Pareho “Wilýareala” geçdi

Ispaniýanyň “La Liga” çempionatynda çykyş edýän “Wilýareal’ topary Frensis Koklendan soňra “Walensiýa” toparynyň kapitany bolan Dani Parehony öz düzümine goşdy. Pareho topar bilen 4...

Matuidi Amerika barýar

Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň ýarymgoragçy Bleýz Matuidi bilen şertnamasynyň tamamlanandygy mälim edildi. Taraplar özara ylalaşyk esasynda şertnamany bes etdiler. Fransuz raýaty 2017-nji ýyldan bäri “Ýuwentus”-da çykyş...

Lihtştaýner futboly taşlady

Şweýsariýa futbol federasiýasynyň resmi web sahypasyda “Ýuwentusyň” we “Arsenalyň” öňki goragçysy Ştefan Lihtştaýner özüniň futbol ýoluny tamamlandygyny habar berdi. “Eziz janköýerlerim üçin şu wagta çenli...

Ýol hereketine gözegçiligi talaba laýyk guramak tabşyryldy

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 12-nji awgustda geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow içeri işler ministri M.Çakyýewiň ünsüni ýol-gözegçilik gullugynyň alyp barýan işlerine çekdi. Döwlet Baştutany ministrligiň ähli...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

COVID-19 pandemiýasyna garşy göreş: BSGG Baş direktory bilen duşuşyk

Şu gün, zähmet rugsady tamamlanandan soň, ilkinji iş güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory Tedros Gebreisus bilen wideoaragatnaşyk boýunça...

Her gün 10 müň örtük öndürilýär

Bereket şäherindäki tikin fabriginde her gün 10 müň sany lukmançylyk örtügi öndürilýär. Ýokary hilli ol örtükler welaýatyň saglyk ulgamynyň edaralaryna, söwda nokatlaryna hem-de edara-kärhanalaryna ugradylýar. «Türkmenistan»...

13-nji awgust Halkara çepbekeýler güni

Halkara çepbekeýler güni her ýylyň 13-nji awgustynda bellenilip geçilýär. Bu çepbekeýleriň özboluşlylygyny we käbir tapawutlylygyny ýüze çykarmak maksady bilen döredildi. Bu sene ilkinji gezek...

Howpsuz, düzgünleşdirilýän we yzygiderli migrasiýa

“Howpsuz, düzgünleşdirilýän we yzygiderli migrasiýa” hakyndaky Ählumumy Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň Iş toparynyň Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen bilelikdäki iş maslahaty geçirildi. Wideoaragatnaşyk arkaly...