No menu items!
8.9 C
Istanbul
29/05/2020 4:38
No menu items!
Home ESASY HABAR Syýahatçylar üçin täze düzgün

Syýahatçylar üçin täze düzgün

Türkiýe Respublikasy tomus möwsüminiň  gelmegi bilen syýahatçylyk pudagyny işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär. Munuň üçin ýurduň käbir ministrlikleri, şol san-da Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi sagdyn syýahatçylyk sertifikasiýa meýilnamasyny ýola goýmagy maksat edinýär.

Türkiýe Respublikasy täze döwürde her bir gelen myhmany lukmançylyk barlagyndan geçirmegi meýilleşdirýär. Türkiýäniň metbugatyndaky habarlara görä, ýurduň medeniýet we syýahatçylyk ministri Nuri Ersoý syýahatçy iberen ýurtlara hoşniýetlilik haty ýollap, olara syýahatçylyk pudagy üçin taýýardyklaryny mälim etmegi göz öňünde tutýandyklaryny aýtdy. Ministriň bellemegine görä, üstümizdäki ýylda myhmanhanalaryň 50-60 göterimini işletmegiň  gaty gowy boljakdygy aýdylýar.

Türkiýe Respublikasy iýun aýyndan başlap, ýurduň ähli howa menzillerinde we beýleki serhetýaka ýerlerinde lukmançylyk barlag nokatlaryny döretmekçi bolýar. Şeýlelikde her bir syýahatçy barlagdan geçiriler. Barlagyň netijesiniň 5-6 sagatda belli bolýandygy, syýahatçynyň Türkiýedäki salgysy belli bolandygy üçin degişli işleri geçirmegiň mümkindigi mälim edildi. Lukmançylyk barlagynyň pasport barlagyndan öň, 2-3 minudyň dowamynda amal etmegiň mümkindigi aýdyldy.

Şeýle hem myhmanhanalarda mebelleriň, deňiz kenaryndaky oturgyçlaryň araçägi 1,5 metr bolar. Mundan başga-da, bu ýagdaý nahar üçin durulýan nobatlar üçin hem degişlidir.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň taýýarlan maksatnamasy myhmanlara Türkiýede dynç alşyny ygtyýarly we gigiena tarapyndan has gowy şertlerde amala aşyrmaga mümkinçilik berer. Halkara guramalar tarapyndan beriljek sertifikat bilen howa menzillerinde we beýleki ulag serişdelerinde, myhmanhanalarda, garbanyşhanalarda gigiena şertleriniň  iň ýokary derejesi gazanylar.

Bu maksatnamanyň 4 ugurda, ýagny, “ýolagçylaryň saglygy we howpsuzlygy”, “işgärleriň saglygy we howpsuzlygy”, “Desgalardaky öňüni alyş çäreleri” we “ulag serişdelerindäki öňüni alyş çäreleri” ýaly ugurlary öz içine alýar.

 

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkiye’den Türkmenistan’a uçuşlar ne zaman planlanıyor?

Türk medyasında yer alan bir habere göre, Türkiye’nin yurt dışı uçak seferlerini başlatma tarihleri belli olduğu iddia edildi. Resmi olmayan bu bilgilere göre, Türkiye’den...

Akylly däl, mehaniki sagat

“Xiaomi” kompaniýasy güýçli depginler bilen özüniñ täze enjamlaryny öndürmegini dowam edýär. Bu kompaniýa "Twenty Seventeen Skeleton Tourbillion Mechanical Watch" atly mehaniki turbiýon sagadyny tanyşdyrdy. Sagatda...

6G ulgamyny öwrenýär

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasynyñ ýolbaşçysy Leý Szun soñky söhbetdeşlikleriniň birinde 5G ulgamyna has köp möçberde maliýe serişdelerini sarp edýändigini we häzirki wagtda 6G aragatnaşyk ulgamynyñ...

Howa barha arassalanýar

Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly dünýäde dowam edýän karantin çäreleri sebäpli, 2020-nji ýylda Ýeriň atmosferasyna CO2 zyňyndylary 2,6 Gt azaldy. Bu bolsa, adamzadyň senagat önümçilik...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Nusgalar: Nanolingwistika

Birinji nusga: “1 + 2 = ab”. Türkmen dilinde bu görnüşde bogun galyby ýokdur. Ýöne başga dilden alynma söz bu nusga gabat gelýär. Suw...

Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebine kabul edilşik

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebi 2020 — 2021-nji okuw ýyly üçin okuwçylary şu aşakdaky ugurlar boýunça okuwa kabul edýär: *...

Kasemironyň şertnamasy uzadyldy

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary bilen Kasemironyň hyzmatdaşlygy dowam ederler. Kasemironyñ “Real Madrid” bilen şertnamasy 2023-nji ýylyñ 30-nji iýunyna çenli uzaldyldy we bu karar birnäçe...

Türkmenistan bilen Gazagystan sport hyzmatdaşlygyny ösdürer

Ýurdumyzyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýolbaşçylary bilen Gazagystan Respublikasynyň medeniýet we sport wise-ministri S.Musaýbekowyň arasynda onlaýn duşuşygy geçirildi. Gepleşige Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we iki...