JEMGYÝET

Söýgi setirleri……..

Häzir pursatlary birikdirsek, tomaşaçylara arzuw etdirjek ajaýyp bir film boljagyna, ol filmde ikimiziň hem öz rolumyzy ussatlyk bilen ýerine ýetirendigimiz üçin şowhunly el çarpyşjakdyklaryna ynanýaryn. Belki tanamaýanlar hakyky artist diýerler, ýöne biz hakyky aşykdyk.

***

Ajam bolsa hakykat ýagşy, goý, aýralyk bizden güýçli gelsin, ykbalam bizi duşurmasyn. Ýöne şuňa garamazdan, meniň sensizlik hasratym, küýsegim henizem täzekä sen meniň tapan hakykatym dälmi näme? Bu her kime başardanok. Şowly bolmadyk söýgüden soň durmuşa garyşyp gidenler güýçlülermi, ýa öňküni ýalan hasaplap indi hakyky durmuşa ýetdik diýýänlermi?!

***

Ýanymdakaň-a bagt hakda pikirem etmezdim. Gidensoň bilip galdym, o günler bagtly ekenim.

***

Aýralyk herimizi bir ýurda oklady öýdýän. Sen-ä buz ýaly sowadyň, menem kül boldum.

***

“Daşyňdan göräýmäge bagtly sen” diýýänsiň?! A sen bilýäňmi, gije gözümi ýumanymdan soň , bütin gije seň bilen asmana syýahata uçýan, şeýdip irden ýylgyryp oýanýan. Ol meň bütin günüme ýeterlik bagt berýär.

***

Hemişe diňleýän aýdymymyz, hemişe gabatlaşýan ýerimiz bolmalydy. Aýdym, ýollar bizi şol ýerde duşurmalydy. Aýryljagymyz näbileli diýsene?!

***

Çagakak Täze ýylyň geljegine sabyrsyzlyk bilen garaşýardym, öýümiz bezelýär, sowgat alýas, saçaga-da dürli dümen zat goýýarys diýip. Indi, ýyllarboýy saňa garaşýan. Gel, dünýämizde baýram bolsun! Bagtly bolaly…

***

Aslynda, ikimiziňkem şowlady. Sen-ä maksat tutdum diýe bir başyňa ylgadyň-da, myradyňa ýetdiň. Menem adamlara örän seýrek duşýan hakyky söýgini ele saldym. Meňkem bir hazyna! Tapylgysyz…

***

Sensizligiň nähilidigini beýan edip bilmeýän jümlämsiň sen. Harplaram  ýetim galan ýaly, haýsy sözi saýlasam ejiz.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar