21/10/2020 17:50
Home DURMUŞ Saglygy goraýyş işgärleri: Goşmaça hakyň möçberi näçe?

Saglygy goraýyş işgärleri: Goşmaça hakyň möçberi näçe?

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynda eden çykyşynda dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýrap başlan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzda adamlaryň immunitetini güýçlendirýän esasy lukmançylyk enjamlaryny yzygiderli mugt üpjün etmek boýunça işleriň gurnalandygyny belledi. Saglygy goraýyş işgärlerini höweslendirmek we bu ýokançlyga garşy göreşde mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak häzirki wagtda möhüm ugurlardan biridir. Döwlet Baştutanymyz şu gün saglygy goraýyş işgärleriine goşmaça ýeňillikleri göz öňünde tutýan karara gol çekjekdigini aýtdy. Bu Karary Size ýetirýäris:

Bu Karara, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ilatynyň ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak hem-de ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen gol çekildi.

Goşmaça 15 göterim

Resminama laýyklykda, dünýäde dörän ýiti ýokanç keseliniiň ýurda getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almagyň çäginde raýatlaryň saglygyny berkitmäge we goramaga gatnaşýan döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna şol işleri ýerine ýetirýän döwrüniň dowamynda degişli Tertibe laýyklykda olaryň aýlyk zähmet haklarynyň 15 göterimi möçberde goşmaça hak tölemek bellenildi.

Okap bilersiňiz  Dünýäniň iň ýaşuly adamy aradan çykdy

Aýratyn ýeňillikler hem bar….

2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap:

degişli sanawda görkezilen ýurduň uzakda ýerleşip, barmasy kyn bolan obalaryndaky döwlet saglygy goraýyş edaralarynda işleýän saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna olaryň aýlyk zähmet haklarynyň 20 göterimi;

Okap bilersiňiz  Sitrus miweleriniň myşsalara peýdasy

degişli sanawda görkezilen Kararyň birinji bendinde görkezilenden beýleki obalardaky döwlet saglygy goraýyş edaralarynda işleýän saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna olaryň aýlyk zähmet haklarynyň 10 göterimi möçberde hak tölemek bellenildi.

Mellek ýerleri ilkinji nobatda beriler…

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, häkimliklere degişli saglygy goraýyş işgärlerine döwlet maksatnamalarynyň çäginde gurluşygy amala aşyrylýan hususy ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin mellek ýerleriniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ilkinji nobatda berilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

 

Halk maslahatynyň mejlisi : öz işini tamamlady

Hormatly okyjylar! Halk Maslahaty bilen baglanyşykly habarlardan habarly bolmak isleseňiz yzygiderli www.atavatan-turkmenistan.com  saýtyny yzarlap duruň. Size habarly etmek üçin döredijilik toparymyz zähmet çekýär. 

Halk Maslahatynyň mejlisi başlady

Halk Maslahaty wideoaragatnaşyk görnüşinde geçiriler

Halk Maslahaty: Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler

Okap bilersiňiz  Duşuşyk Abu-Dabi şäherinde geçirilip bilner

Halk Maslahaty: saglygy goraýyş işgärlerine goşmaça ýeňillikler dörediler

Konstitusion Kanun tassyklandy :Halk Maslahaty

 

Halk Maslahaty : Habarlary gyzgyny bilen okaň!

IŇ TÄZE HABARLAR

Çempionlar ligasynda ilkinji türk futbolçy

Mundan ozal “Galatasaraý”, “Walensiýa” we “Fenerbahçe” formalaryny geýen Mehmet Topal, “Başakşehiriň” 2000, 2010 we 2020-nji ýyllarda “Leýpsige” garşy oýnan oýnunda Çempionlar ligasyna goşulan ilkinji...

Barselona oýunçylary bilen şertnamalaryny täzeledi

Futbol sportunuň beýik toparlarynyň biri hasaplanylýan “Barselona” futbol topary, özüniň esasy düzümde çykyş edýän derwezewan Mark Ter Ştegen, goragçy Jerard Pike, Kleman Lengle we...

Myhman ataňdan uly

Hormatly Prezidentimiz türkmenleriň asyrlar boýy häsiýetinde jemlenen, mirasa sarpa goýmagyň binýadyny çuňňur pelsepeçilik, özboluşly dünýägaraýyş manysyny “Myhmansöýüjilik türkmeniň ruhy-ahlak gözelliginiň ajaýyp keşbidir” diýip belleýär....

Dünýäniň öňdebaryjy kinoprokaty

“Artisan Gateway” maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda Hytaý döwletiniň kinoteatrlarynyň umumy girdejisi eýýäm 1,988 milliard dollar barabar bolup, Demirgazyk Amerikada bolsa film prokat bazarynda bolsa...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

“Türkmenhimiýa” döwlet konserninden halkara bäsleşik

Türkmenistanda dökünleriň we dürli himiýi önümleriň öndürilmegine gözegçilik edýän Türkmenhimiýa” döwlet konserni täze halkara bäsleşigini yglan etdi. Döwlet konsernini Marykarbamid zawodynyň çäklerinde ýyllyk kuwwaty...

Türkmenistan «Transmaşholdingden» iki teplewoz satyn alar

«Türkmendemiryollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti özüniň tehniki üpjünçiliginiň üstüni Russiýanyň «Transmaşholding» PJ-niň täze teplozowlarynyň ikisi bilen ýetirer.
Okap bilersiňiz  Çempionat 21-nji iýunda başlanar
«Railway.gov.tm» saýtynyň berýän habaryna görä, ikitaraplaýyn geçirilen wideoşekilli...

Iň gadymy söýgi poemasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň baý milli mirasyna hususan-da ruhy gymmatlyklaryna uly üns berýär. Ata-babalarymyz tarapyndan döredilip biziň  günlerimize  gelip ýeten  iň gadymy,...

Jemi 25 Baýrak Size garaşýar: Bäsleşik dowam edýär

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com     saýtynyň geçirýän  “Ata Watan Eserler”  döredijilik bäsleşiginiň täze tapgyrynyň mowzugy ýaly “Söýgi – durmuşyň özeni”! Habaryň Instagram Wideosy üçin şu...