BILIM

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebi

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. We­te­ri­na­ri­ýa.
  2. Oba ho­ja­ly­gy­nyň me­ha­ni­za­siýa­sy.
  3. Buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy.
  4. Oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň teh­nolo­gi­ýa­sy we gaý­ta­dan iş­le­nil­me­gi.
  5. Pag­ta­ny il­kin­ji iş­läp taý­ýar­lama­gyň teh­no­lo­gi­ýa­sy.
  6. Yk­dy­sa­dy­ýet we me­ýil­na­malaş­dy­ryş (oba ho­ja­ly­gyn­da).
  7. Dok­ma önüm­çi­li­gi.
  8. Ýer ula­ny­ly­şy.
  9. Mag­lu­mat ul­gam­la­ry (oba hoja­ly­gyn­da).

Or­ta hü­när okuw mek­de­bi­ne Türkme­nis­ta­nyň umu­my or­ta bi­lim­li, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýat­la­ry gi­riş synag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.

Oku­wyň möh­le­ti 2 ýyl hem-de tö­leg­li.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Baý­ra­ma­ly şä­he­rin­de 2020-nji ýy­lyň 6-njy iýuly — 8-nji aw­gus­ty ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­nama (an­ke­ta);

— umu­my or­ta bi­lim ba­ra­da res­mina­ma­nyň asyl nus­ga­sy;

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­raýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky saglyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýerin­den, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­nama;

— bel­le­ni­len nus­ga bo­ýun­ça okuw üçin tö­le­gi öz wag­tyn­da amal et­me­giň ke­pil ha­ty;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny foto­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­derçe­si­niň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li geçen ýag­da­ýyn­da, ar­tyk­maç­lyk­lar­dan peý­da­lan­ýan oku­wa gir­ýän ýy­lyn­da mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ders­ler boýun­ça döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri, umu­my­bi­lim ders­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­me­nis­tanyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li res­mina­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar­lar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mäge is­leg bil­dir­ýän­ler ýo­kar­da gör­ke­zilen res­mi­na­ma­lar bi­len bir­lik­de, resmi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nus­gala­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— şah­sy pas­por­ty­ny;

— Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýçle­rin­de har­by gul­lu­gy ge­çen­ler har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny, har­by gul­lu­gy geçme­dik ýi­git­ler ýa­zy­lyş şa­ha­dat­na­masy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan peý­da­lanýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mina­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler.

Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we res­mi iş ka­gyz­la­ry üçin da­laş­gär şahsy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek 2020-nji ýy­lyň aw­gust aýynyň 11-12-si, 14-i we 15-i gün­le­rin­de S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň Baý­ra­ma­ly agro­se­na­gat or­ta hü­när okuw mek­de­binde (Baý­ra­ma­ly ş.) ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry aşak­da­ky ders­ler bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýär:

we­te­ri­na­ri­ýa; oba ho­ja­lyk önümle­ri­niň teh­no­lo­gi­ýa­sy we gaý­ta­dan işle­nil­me­gi hü­när­le­ri — bio­lo­gi­ýa, hi­miýa, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

oba ho­ja­ly­gy­nyň me­ha­ni­za­si­ýasy; ýer ula­ny­ly­şy; mag­lu­mat ul­gamla­ry (oba ho­ja­ly­gyn­da) hü­när­le­ri — ma­te­ma­ti­ka, fi­zi­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

yk­dy­sa­dy­ýet we me­ýil­na­ma­laşdy­ryş (oba ho­ja­ly­gyn­da); buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy hü­när­le­ri — ma­te­ma­tika, bio­lo­gi­ýa, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

— dok­ma önüm­çi­li­gi; pag­ta­ny il­kinji iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň teh­no­lo­gi­ýa­sy hü­när­le­ri — hi­mi­ýa, fi­zi­ka, Türk­me­nista­nyň ta­ry­hy.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de belle­ni­len wagt­da sy­na­ga esas­syz sebäp­le­re gö­rä ge­lip bil­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dik­ler on­dan soň­ky sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýunça deň muk­dar­da ba­ha alan­lar­dan talyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tykmaç hu­kuk­dan aşak­da gör­ke­zi­len­ler peý­da­lan­ýar­lar:

— soň­ky 2-3 ýy­lyň do­wa­myn­da ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nan we et­rap hä­kim­li­gi ta­ra­pyn­dan de­giş­li hü­när­lere hö­dür­le­nen kä­ren­de­çi­ler we mülkdar­lar;

— ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy ge­çen­ler.

S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň Baý­ra­ma­ly ag­ro­se­na­gat or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň sal­gy­sy: Baý­ra­ma­ly ş., Ta­lyp­lar kö­çe­si, 1, tel.: 6-38-41, 6-38-19, 6-07-84.

Ýene-de okaň

Ylymlar gününde geçiriljek çäreler

Ýaponiýa talyp hakly okuw maksatnamalaryna çagyrýar

Türkmen wekiliýeti “THE Aziýa baýragy- 2024” sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

ÝB Türkmenbaşy şäherinde energiýany iň köp tygşytlaýan mekdebi sylaglady

Hýubert Hamfri adyndaky maksatnama kabul edişlik başlaýar

“Çoganly” ýaşaýyş toplumynda täze mekdep gurlar