BILIM

S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETINIŇ AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI AGROSENAGAT ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Mag­lu­mat ul­gam­la­ry (oba ho­ja­lygyn­da).
  2. Dä­nä­ni sak­la­ma­gyň we gaý­ta­dan iş­le­me­giň teh­no­lo­gi­ýa­sy.
  3. Yk­dy­sa­dy­ýet we me­ýil­na­ma­laşdy­ryş (oba ho­ja­ly­gyn­da).
  4. Çö­rek, süý­ji we unaş önüm­le­ri­niň teh­no­lo­gi­ýa­sy.
  5. Oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň teh­no­logi­ýa­sy we gaý­ta­dan iş­le­nil­me­gi.
  6. Tur­şat­ma önüm­çi­li­gi­niň we ça­kyryň teh­no­lo­gi­ýa­sy.
  7. Buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy.
  8. Pag­ta­ny il­kin­ji iş­läp taý­ýar­la­magyň teh­no­lo­gi­ýa­sy.
  9. Ösüm­lik­le­ri go­ra­mak.
  10. We­te­ri­na­ri­ýa.
  11. Ýer ula­ny­ly­şy.
  12. Gid­ro­me­lio­ra­si­ýa.
  13. To­kaý we se­ýil­gäh ho­ja­ly­gy.
  14. Oba ho­ja­ly­gy­nyň me­ha­ni­za­siýa­sy.
  15. Ag­ro­hi­mi­ýa.

Or­ta hü­när okuw mek­de­bi­ne Türk­menis­ta­nyň umu­my or­ta bi­lim­li, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýat­la­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň neti­je­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.

Oku­wyň möh­le­ti 2 ýyl we tö­leg­li.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Aş­ga­bat şä­he­rinde 2020-nji ýy­lyň 6-njy iýu­ly — 8-nji awgus­ty ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);

— umu­my or­ta bi­lim ba­ra­da res­mi­nama­nyň asyl nus­ga­sy;

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rinden, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— bel­le­ni­len nus­ga bo­ýun­ça okuw üçin tö­le­gi öz wag­tyn­da amal et­me­giň ke­pil ha­ty;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çe­siniň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li geçen ýag­da­ýyn­da ar­tyk­maç­lyk­lar­dan peýda­lan­ýan oku­wa gir­ýän ýy­lyn­da mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ders­ler bo­ýun­ça döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri, umu­my­bi­lim ders­leri bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­zala­ry şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li resmi­na­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar­lar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän­ler ýo­kar­da gör­ke­zi­len resmi­na­ma­lar bi­len bir­lik­de res­mi­na­ma­lary ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— şah­sy pas­por­ty­ny;

— Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­rin­de har­by gul­lu­gy ge­çen­ler har­by şa­ha­dat­nama­sy­ny, har­by gul­lu­gy geç­me­dik ýi­git­ler ýa­zy­lyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýeri bo­ýun­ça har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan peý­da­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ry görke­zip bi­ler.

Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we res­mi iş ka­gyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jo­gapkär­çi­lik çek­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edilmek 2020-nji ýy­lyň aw­gust aýy­nyň 11-12si, 14-i we 15-i gün­le­rin­de S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­teti­niň Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki ag­ro­se­na­gat or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry aşak­da­ky ders­ler boýun­ça ge­çi­ril­ýär:

dä­nä­ni sak­la­ma­gyň we gaý­ta­dan işle­me­giň teh­no­lo­gi­ýa­sy; pag­ta­ny il­kin­ji iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň teh­no­lo­gi­ýa­sy hü­när­le­ri — hi­mi­ýa, fi­zi­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

yk­dy­sa­dy­ýet we me­ýil­na­ma­laş­dy­ryş; buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy hü­när­le­ri — mate­ma­ti­ka, bio­lo­gi­ýa, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

çö­rek, süý­ji we unaş önüm­le­ri­niň tehno­lo­gi­ýa­sy; tur­şat­ma önüm­çi­li­gi­niň we çaky­ryň teh­no­lo­gi­ýa­sy; oba ho­ja­lyk önüm­le­riniň teh­no­lo­gi­ýa­sy we gaý­ta­dan iş­le­nil­me­gi; ösüm­lik­le­ri go­ra­mak; we­te­ri­na­ri­ýa; ag­ro­himi­ýa; to­kaý we se­ýil­gäh ho­ja­ly­gy hü­när­le­ri — hi­mi­ýa, bio­lo­gi­ýa, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

mag­lu­mat ul­gam­la­ry, ýer ula­ny­ly­şy; gid­ro­me­lio­ra­si­ýa; oba ho­ja­ly­gy­nyň me­hani­za­si­ýa­sy hü­när­le­ri — ma­te­ma­ti­ka, fi­zika, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türkme­nis­ta­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­nen wagt­da sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä ge­lip bil­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri boýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dik­ler soň­ky sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça deň muk­dar­da ba­ha alan­lar­dan ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kukdan aşak­da gör­ke­zi­len­ler peý­da­lan­ýar­lar:

— soň­ky 2-3 ýy­lyň do­wa­myn­da ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nan we et­rap hä­kim­li­gi ta­rapyn­dan de­giş­li hü­när­le­re hö­dür­le­nen kären­de­çi­ler we mülk­dar­lar;

— ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy geçen­ler.

S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki ag­ro­se­na­gat or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., 2009-njy (Gö­rog­ly) kö­çe, 143, tel.: 34-98-91, 34-91-24.

Ýene-de okaň

Ylymlar gününde geçiriljek çäreler

Ýaponiýa talyp hakly okuw maksatnamalaryna çagyrýar

Türkmen wekiliýeti “THE Aziýa baýragy- 2024” sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

ÝB Türkmenbaşy şäherinde energiýany iň köp tygşytlaýan mekdebi sylaglady

Hýubert Hamfri adyndaky maksatnama kabul edişlik başlaýar

“Çoganly” ýaşaýyş toplumynda täze mekdep gurlar