8.9 C
Istanbul
01/06/2020 4:14
Home ATAWATAN ESERLERİ Olar nädip üstünlige ýetdiler? (Ýa-da Üstünlige Çenli Geçilen Basgançaklar...)

Olar nädip üstünlige ýetdiler? (Ýa-da Üstünlige Çenli Geçilen Basgançaklar…)

Baý adamlaryň adaty adamlardan tapawutlandyrýan nähilidir bir ýagdaý barmyka? Aslynda, islendik milliarderiň ýeten derejesine çenli geçen ýoly özüne mahsus bolup, beýlekilerden tapawutlanýarlar. Ýöne muňa garamazdan, käbir meňzeşlikler hem bar.

Olar kaşaňlygy başgaça kabul edýärler

Opra Uinfrini, Uorern Baffeti hem-de Sara Bleýklini näme zat bir ýere getirip biler? Aglaba milliarderlerden parhly tarapy, olaryň her biri inwestision hasaba eýe. Beýle kişiler üçin aňrybaş durmuş – inwestisiýa goýmak mümkinçiligi. Sebäbi pul üýşürmek täze mümkinçilikleriň ýoluny arçaýar hem-de maksatlaryňa ýetmäge goldaw berýär. Şonuň üçin milliarderler pullaryna oýunjak alman, tersine peýdaly bir işe inwestisiýa etmegi saýlaýarlar. Islendik wagt meýilnamaňyzdan daşgary pula (meselem, pul baýragy we şm.) eýe bolsaňyz, pikirleniň, näme etseňiz gowy bolar: öý goş almakmy ýa-da geljek üçin saklap goýmak?

Olar üçin «ýok» sözüniň özi ýok

Durmuşyň haýsydyr bir basgançagynda şowly ynsan hem ret edilen jogaby alyp görendir. Ugurtapyjylyk akyma garşy göreşmekde gizlenendir. Meselem, ýazyjy Joan Rouliniň «Garri Poter» eseriniň golýazmalary neşirlerde çykmazyndan öňürti birnäçe gezek ret edilen. Bu gün bu zenan – dünýäniň iň baý zenanlarynyň biri. «Ýok» – bu ýönekeý biriniň şahsy pikiri. Şowly adamlaryň tapawutly tarapy, inkär edilmegine garamazdan, maksatlaryna sary hereket etmekleridir. Olar beýle ret edilmegi maksatsyz adamyň nukdaýnazarydygyna gowy düşünýärler.

Olar pullaryny özleriçe sarp edýärler

Dogabitdi şowly ynsanlar ýokary derejeli aýlyk haky bilen baýlyga aýry-aýry zat hökmünde garaýarlar. Olar «altyn zynjyr» sindromyndan aýlanyp geçip, çykdajylaryny girdejileri bilen deňeşdirip oturmaýarlar. Multimilliarderler Uorren Baffett 31,5 müň dollarlyk öýde ýaşaýan bolsa, Mark Sukerberg 30 müň dollarlyk «Volkswagen GTI» awtoulagyny ulanýar. Milliardlap pul gazanmak – iň gymmat zatlary satyn almak däl. Iň gowusy, pullary islendik bir işe maýa goýmak ýa-da «gara gün» üçin saklamakdyr. Şahsy hasaba awtomatiki düzgünde pul geçirmek – puly ýygnamagyň iň gowy usuly.

Olar akylly töwekgelçilik edýärler

Bill Gýetsiň aýdyşy ýaly, «Köp ýeňiş gazanmak üçin, köp töwekgelçilik etmek gerek». Täze inwestisiýa ýa-da kärhana ynanmak juda kyn, emma milliarderleriň durmuşynda töwekgelçilik etmek – oýnuň aýrylmaz bölegi. Mysal üçin, Opra Uinfri Çikagodaky kiçijek teleşowuny alyp barmak üçin özüne aňsat bolan Baltimordaky täzelikleri alypbaryjylyk kesbini taşlan. Şol wagtky töwekgelçiligi häzirki wagtda onuň şowuny dünýä meşhur edip, öz miwesini berdi. Bu öňüňizden çykan meselede töwekgelçilik ediň diýildigi däl. Gowy oýlanyp görlen, hasap-hesip edilen töwekgelçilige gol urmaly. Ölçegsiz kesilen mata bilen ýedi gezek ölçenip kesilen matada ýer bilen gök ýaly tapawut bar.

Olar daş-töweregine pikirdeşlerini üýşürýärler

Milliarderler öz-özlerinden baýan däldir. Olaryň üstünligi hem-de häzirki wagtdaky maliýe ýagdaýy – müşgil işlere garşy göreşmeginiň netijesine däl-de başga adamlar bilen iş gatnaşygyny ýola goýýandyklary bilen bagly. Tomas Korli «Üstünligi kepillendirme: baý adamlaryň gündelik adatlary» kitabynda baý kişileriň konferensiýalara, ýygnaklara ýa-da kofe bahanasy bilen söhbetdeşlik etmäge ýagdaýy boldygyndan wagt aýyrmagyny nygtaýar. Onda näme, köpräk gatnaşykda boluň!

Olar öz öňlerinde anyk maksatlar goýýarlar

Her bir ynsanyň öz umyt hem-de arzuwlary bolýar, emma hakyky amady çapýan kişiler öz arzuwlaryny durmuşa geçirýär hem-de dogry maksada tarap ýola düşýärler. Geçirilen barlaglaryň netijesinde, baý adamlaryň öz öňlerinde anyk maksatlary goýýandygy anyklanylypdyr. Korli bu barada şeýle diýýär: «Arzuw-islegleriňiziň amala aşmagy üçin ilki bilen anyk maksatlara eýe boluň, maksatlaryňyza garşy ymtylyň hem-de tejribe geçiriň. Arzuwyňyzy geljekde amala aşyrjak bellibir wezipä aýyryň. Şonda wagtyň geçmegi bilen şeýle wezipe sizi öz islegleriňize sary ýetmäge ýardam berer».

Olar boş wagtlaryny şahsyýet hökmünde kämilleşmäge sarp edýärler

Baý adamlaryň beýlekilerden esasy tapawutly tarapy, olaryň boş wagtyny nähili geçirýänligindedir. Olar gyzyldan gymmatly wagtlaryny serial görmäge gidirmeýärler. Tomas Korliniň geçiren barlaglaryna görä, iň baý adamlaryň 70 göterimi günüň dowamynda 1 sagada golaý telewizor görýär. Muňa derek olar özleriniň şahsyýet hökmünde has-da kämilleşmegi üçin biznes hakda pikir edýärler. Meselem, Bill Geýts we Uorren  Baffet ylmy kitaplary okaýarlar. Opra Uinfri bolsa günde ir bilen öz üstünde işleýär. Şeýlelikde, telewizoryň pultuny goýuňda, şahsyýet hökmünde kämilleşiň – täze dil öwreniň, ylham beriji kitaplary okaň. Boş wagtlaryňyzy şeýle tertipde geçirseňiz, hem rahatlanarsyňyz, hem ýanyňyzda boljak şowlulyga köpri gurdygyňyz bolar.

Jahantäç Öwezowa,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň

«Biznes reklama» gazetiniň öz habarçysy,

IŇ TÄZE HABARLAR

Haly baýramy mynasybetli sergi geçirildi

Şu gün Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda senagat edara binasynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we Da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi Döw­let ha­ryt çig-mal...

Güllerden görklidir türkmen halysy

Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda gol çeken Karary haly önümçiligini kämilleşdirmek we göwnejaý derejede ýola goýmak, milli önümleriň eksport möçberlerini artdyrmak ugrunda edilen...

31-nji maý — Temmäkä garşy Bütindünýä göreş güni

Temmäkä garşy Bütindünýä göreş güni her ýylyň 31-nji maýynda giňden bellenilip geçilýär. Bu ýylky baýramçylyk köpçülige temmäkini ulanmagyň howplary, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäki...

Jerrard 40 ýaşady

Angliýanyň “Liwerpul” toparyň ozalky meşhur ýarymgoragçysy Stiwen Jerrardy doglan güni bilen gutlady. 30-njy maýda häzirki wagtda Şotlandiýanyň “Reýnjers” toparynyň baş tälimçisi 40 ýaşady. “Stiw, doglan...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmen-german hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

2020-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we German ykdysadyýetiň Gündogar komitetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar...

“iPhone 12” haçan peýda bolar?

Dünýäde koronawirus ýokanjy sebäpli ençeme kompaniýalaryň işleri wagtlaýynça togtady. Ynha hemmämize mälim bolşy ýaly, “Apple” kompaniýasynyň hem önümçilik ulgamy togtady. Emma muňa garamazdan, “iPhone...

Çalt garramagymyzyň ýene bir sebäbi…

Ispaniýanyň Nawarra uniwersitetiniň alymlary çalt garramagyň ýene bir sebäbini anykladylar ― diýip, «La Vanguardia» neşiri ýazýar. 57 ― 91 ýaş aralygyndaky 886 adamda geçirilen barlaglar...

Howa barha arassalanýar

Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly dünýäde dowam edýän karantin çäreleri sebäpli, 2020-nji ýylda Ýeriň atmosferasyna CO2 zyňyndylary 2,6 Gt azaldy. Bu bolsa, adamzadyň senagat önümçilik...