No menu items!
20/09/2020 23:26
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR “Migrasiýa hakynda”: Kanuna goşmaçalar we üýtgetmeler

“Migrasiýa hakynda”: Kanuna goşmaçalar we üýtgetmeler

Ýadyňyzda bolsa ýakynda wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Mejlisiň altynjy çagrylyşynyň onunjy maslahaty geçirildi. Mejlisde  birnäçe Kanunlar kabul edildi. Ol Kanunlaryň arasynda «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny hem bar. Bu Kanun bilen 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen«Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna aşakda sanalan birnäçe goşmaçalar  we üýtgetmeler girizildi. Bu goşmaçalaryň arasynda Türkmenistanyň raýatlarynyň hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäklerinden daşary gitmeginiň tertibi bilen baglanşykly Kanunyň 34-nji maddasy hem bar.

Kanuna görä, şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden, ýagny, 2020-nji ýylyň 7-nji sentýabryndan güýje girdi.

1) 1-nji madda şu mazmunly bendi goşmaly:

«21) da­şa­ry ýurt ra­ýat­la­ry­ny, ra­ýat­ly­gy bolma­dyk adam­la­ry Türk­me­nis­tan­da ka­bul ed­ýän ta­rap, raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanda wagtlaýyn bolmak üçin çagyrýan we (ýa-da) kabul edýän fiziki şahslar— Türkmenistanyň raýaty, Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adam, ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan adamlar, şeýle hem ýuridik şahslar, şol sanda döwlet edaralary, ýerli öz-özü­ňi dolandyryş edaralary, daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary, halkara guramalarynyň Türkmenistandaky wekilhanalary ýa-da daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistanda ýerleşýän halkara guramalarynyň ýanyndaky wekillikleri, ýuridik şahsyň şahamçasy ýa-da wekilligi.»;

2) 6-njy maddada:

ikinji bölegiň ikinji tesimini aýyrmaly;

ikinji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«21. Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň esasynda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar we raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasy esasynda ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde hasaba alynmaga hem-de Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ýazga alynmaga degişlidirler.»;

3) 7-nji maddanyň birinji böleginde we ikinji böleginiň dördünji tesiminde

«Türkmenistanyň  Döwlet serhedinde halkara gatnawlary üçin açylan gelip-gidýänlere gözegçilik postlarynyň»

diýen sözleri

«Türkmenistanyň Döwlet serhedinde ýerleşen halkara gatnawlary üçin açylan gözegçilik-geçiriş ýerleriniň»

diýen sözlere çalşyrmaly;

4) 10-njy maddanyň dokuzynjy böleginiň 7-nji bendinde

«gözegçilik-geçiriş postundan»

 diýen sözleri

«gözegçilik-geçiriş ýerlerinden»

diýen sözlere çalşyrmaly;

5) 12-nji maddanyň üçünji böleginde:

ýedinji tesimde

«Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki migrasiýa gözegçilik postlarynda»

diýen sözleri

 «Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerleriniň migrasiýa nokatlarynda»

diýen sözlere çalşyrmaly;

on ikinji tesimde

«Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki migrasiýa gözegçilik postlarynda» we «Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki migrasiýa gözegçilik postunyň»

diýen sözleri degişlilikde

«Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerleriniň migrasiýa nokatlarynda»

we

«Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilikgeçiriş ýerleriniň migrasiýa nokadynyň»

 diýen sözlere çalşyrmaly;

on üçünji we on dördünji tesimlerde

«Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki migrasiýa gözegçilik postlarynda»

diýen sözleri

«Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerleriniň migrasiýa nokatlarynda»

diýen sözlere çalşyrmaly;

on altynjy tesimde

«raýatlygy bolmadyk adamlar» diýen sözlerden soň «, eger olaryň Türkmenistanda bolmagynyň möhleti bäş iş gününden köp bolmasa (ýurduň çägine giren güni mu­ňa girmeýär), diňe Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerleriniň migrasiýa nokatlarynda bäş iş gününden geçýän bolsa, migrasiýa gullugynyň edaralarynda»

diýen sözleri goşmaly;

6) 17-nji maddanyň birinji böleginiň 10-njy bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«10) daşary ýurt döwletinde bolýan döwründe erkine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykmagy bilen Türkmenistana gelip bilmeýän halatlaryndan başga ýagdaýlarda bir ýyldan köp wagtlap üznüksiz ýagdaýda Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşan bolsa;»;

7) 21-nji maddanyň adyny şu görnüşde beýan etmeli:

«Da­şa­ry ýurt ra­ýat­la­ry­ny, ra­ýat­ly­gy bol­madyk adam­la­ry Türk­me­nis­tan­da ka­bul ed­ýän ta­rap­la­ryň borç­la­ry»;

8) 24-nji maddanyň ikinji böleginde

«Türkmenistanyň Döwlet serhedinde ýerleşen, halkara gatnawlary üçin açyk bolan gözegçilik-geçiriş postlarynyň»

diýen sözleri

«Türkmenistanyň Döwlet serhedinde ýerleşen, halkara gatnawlary üçin açylan gözegçilik-geçiriş ýerleriniň»

diýen sözlere çalşyrmaly;

9) 28-nji maddada:

birinji bölege şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Türkmenistanyň raýatlarynyň diplomatik we gulluk pasportlaryny resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi, olardan peýdalanmagyň kadalary, şeýle hem olaryň nusgasy we teswiri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.»;

ikinji bölegiň birinji tesiminde

«ýitiren» diýen sözden soň «ýa-da olar hakyky däl bolan» diýen

sözleri goşmaly;

10) 29-njy maddada:

sekizinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«8. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen ýa-da Türkmenistanyň raýatlygy dikeldilen adamlara pasportlar şu Kanunda bellenen tertipde resmileşdirilýär.»;

onunjy bölege şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Pasport ýitirilen halatynda, ol hakyky däl diýlip ykrar edilýär we onuň ýerine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde täze pasport resmileşdirilýär.»;

11) 34-nji maddanyň ikinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Türkmenistanyň raýatlarynyň hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistandan gitmegi bilen baglanyşykly resminamalary resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan tassyklanylýar.»;

12) 42-nji maddada:

maddanyň adyny şu görnüşde beýan etmeli:

«Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­la­ry­nyň, Türk­menis­ta­nyň çä­gin­de ýa­şa­ýan da­şa­ry ýurt raýat­la­ry­nyň, ra­ýat­ly­gy bol­ma­dyk adam­la­ryň ýa­şa­ýan we bol­ýan ýe­ri bo­ýun­ça ha­sa­by­ny ýö­ret­mek»;

ikinji bölegiň ikinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

«Türkmenistanyň raýatlaryny, Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almagyň tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.»;

13) 49-njy maddanyň mazmunynda

«Türkmenistana çagyran»

diýen sözleri

«Türkmenistanda kabul edýän»

diýen sözlere çalşyrmaly.

  1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2020-nji ýylyň 22-nji awgusty

«Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny okamak üçin

Türkmenistanyň Mejlisi :Täze kanunlar kabul edildi

Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi

Aksaray mahallesi Koçibey sokak,  Erler Apt No:34 D:7 Kat:4  Fatih/ İstanbul

E: Mail Adres : atavatanltd@gmail.com

Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)

IMO & WhatsApp  : +90 530 251 36 73

Telefon : +90 212 633 40 00 (Türkiye)

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Hususy kärhana:bellige almak uçin gerekli resminamalar

Ýurdumyzda ýeke esaslandyryjyly kärhana-hususy kärhana açmak isleýänler üçin saýtymyza bu kärhanany bellige almak üçin gerekli resminamalaryň sanawyny ýerleşdirýäris. Bellenen nusgada arza (bellige almak üçin) ...

Güýz bilen söhbet…(Şahyrana oýlanma)

Gurbannazar Ezizow:                                                              Birden gök asmana dikildi gözüm.   Ah, ol görnüş! Gözüm nämeler görýär.                                                                    Gül düzüň üstünden düzümde-düzüm,                                                                    Göwnüňi göterip, durnalar barýar...   Durnalar barýar. Misli günlere...

“Täç hil”: Täze önümlerimiz bilen halkyň hyzmatynda bolarys

Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri sergisine gatnaşýan “Täç Hil” hususy kärhanasynyň hünärmeni Haknazar bilen söhbetdeş bolduk. Ol türkmen bazarynda özleriniň alyp barýan işleri...

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň üstünlikleriniň sergisi geçirilýär. 2 gün dowam edýän sergide...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Ylmy-önümçilik merkezleri dörediler

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-önümçilik merkezleriniň ulgamyny giňeltmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde...

Iň gadymy aýakyzlary tapyldy

Nemes arheologlary Arabystan ýarym adasynda iň gadymy aýakyzlaryny tapdylar. 120 müň ýyl öýdülýän 7 sany aýakyzy, Saud Arabystanynyň Nefud çölünde pil, düýe aýak yzlary...

Elektrik we sürüjisiz ýük awtoulaglaryny tanyşdyrdy

Hytaýyň Döwlet eýeçiligindäki “First Automotive Works” (FAW Jiefang) ýük awtoulag öndüriji kompaniýasy sürüjisiz agyr ýük awtoulaglaryny görkezdi. Kompaniýa täze sürüjisiz “L3”, “L4” we “J7”...

Italiýanyň kompaniýasy täze önümçilik desgany gurar

Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek hem-de gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini köpeltmek, şeýle hem Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçilik ministrliginiň 2020-2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny...