No menu items!
8.9 C
Istanbul
13/08/2020 15:12
No menu items!
Home BILIM MARY WELAÝAT MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

MARY WELAÝAT MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.
  2. Maliýe we karz.
  3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
  4. Salgytlar we salgyt salmak.
  5. Bank işlerini programmirlemek.

Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebine Mary welaýatynda hemişelik ýaşaýan umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2 ýyl we tölegli.

Resmi iş kagyzlary Baýramaly şäherinde 2020-njy ýylyň 6-njy iýuly — 8-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2020-nji ýylyň awgust aýynyň 11-12-si, 14-i we 15-i günlerinde Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde (Baýramaly ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Mary welaýat maliýe-ykdysady

orta hünär okuw mekdebiniň

salgysy: Baýramaly ş., Raýdaşlyk köçesi, 5,

tel.: 6-92-96, 6-92-97.

IŇ TÄZE HABARLAR

“Skoda”-nyň täze ulagy

Ýakynda käbir maglumatlary bilen tanyşdyrylan «Skoda Enyaq» awtoulagy daşky dizaýny bilen hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Bu awtoulag kompaniýanyň 1-nji sentýabrda tanyşdyrmak isleýän ilkinji elektrik...

Russiýa halkara uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Koronowirus pandemiýasy sebäpli, ara düşen uzak arakesmeden soňra, Russiýa Federasiýasy awiagatnawlary amala aşyrýan döwletleriniň sanawyny köpeltmekçi. Metbugat maglumatlaryna görä, 1-nji sentýabrdan başlap, Gazagystan, Täjigistan...

Pareho “Wilýareala” geçdi

Ispaniýanyň “La Liga” çempionatynda çykyş edýän “Wilýareal’ topary Frensis Koklendan soňra “Walensiýa” toparynyň kapitany bolan Dani Parehony öz düzümine goşdy. Pareho topar bilen 4...

Matuidi Amerika barýar

Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň ýarymgoragçy Bleýz Matuidi bilen şertnamasynyň tamamlanandygy mälim edildi. Taraplar özara ylalaşyk esasynda şertnamany bes etdiler. Fransuz raýaty 2017-nji ýyldan bäri “Ýuwentus”-da çykyş...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen onlaýn duşuşyk

2020-nji ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň...

«Mähirli dogan» üzärlikli sabyn öndürýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Mähirli dogan» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan üzärlikli sabyn önümçiligi ýola goýuldy. «Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, 90 hem-de 100 gram...

«Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi

2020-nji ýylyň 11-nji awgustynda wideokonferensiýa görnüşinde Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Ýaponiýanyň DIM-niň howandarlygynda geçirilen duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň daşary syýasat...

Mekdepde gorag çäreleri

Tailandyň paýtagty Bangkokdaky «Wat Klong Toey» başlangyç bilim mekdebinde koronowirus sebäpli mart aýynda ýatyrylan okuwa täzeden badalga berildi. Geçen aýda bu ýerde başlangyç bilim alýan...