BILIM

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine kabul edilşik

2020/2021-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

Hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň ugur­la­ry (hü­när­leri):

  1. Ma­te­ma­ti­ka we me­ha­ni­ka (hü­när­ler: ma­te­ma­ti­ka; amaly ma­te­ma­ti­ka we in­for­ma­ti­ka).
  2. Fi­zi­ka we ast­ro­no­mi­ýa (hü­när­ler: fi­zi­ka; ra­dio­fi­zi­ka we elekt­ro­ni­ka).
  3. In­for­ma­ti­ka we ha­sap­la­ýyş teh­ni­ka­sy (hü­när: mag­lumat ul­gam­la­ry we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry).
  4. Bio­lo­gi­ýa ylym­la­ry (hü­när: bio­lo­gi­ýa).
  5. Hi­mi­ýa (hü­när: hi­mi­ýa).
  6. Ýe­ri öw­re­niş ylym­la­ry (hü­när­ler: ge­og­ra­fi­ýa; kar­tog­ra­fiýa; me­teo­ro­lo­gi­ýa; eko­lo­gi­ýa).
  7. Psi­ho­lo­gi­ýa ylym­la­ry (hü­när: psi­ho­lo­gi­ýa).
  8. Ta­ryh we ar­heo­lo­gi­ýa (hü­när­ler: ta­ryh; ar­heo­lo­gi­ýa).
  9. Fi­lo­so­fi­ýa we eti­ka (hü­när: fi­lo­so­fi­ýa).
  10. Yla­hy­ýet (hü­när: yla­hy­ýet).
  11. Sy­ýa­sat ylym­la­ry we se­bit öw­re­niş (hü­när­ler: sy­ýasa­ty öw­re­niş; gün­do­ga­ry öw­re­niş).
  12. Dil bi­li­mi we ede­bi­ýa­ty öw­ren­mek (hü­när­ler: türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty; iň­lis di­li we ede­bi­ýa­ty; ne­mes di­li we ede­biýa­ty; fran­suz di­li we ede­bi­ýa­ty; ital­ýan di­li we ede­bi­ýa­ty; arap di­li we ede­bi­ýa­ty; türk di­li we ede­bi­ýa­ty; pars di­li we ede­bi­ýa­ty; hy­taý di­li we ede­bi­ýa­ty).
  13. Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri we mag­lu­mat ki­tap­ha­na işi (hü­när: žur­na­lis­ti­ka).
  14. Hu­kuk işi (hü­när: hu­kuk öw­re­niş).

Tö­leg­li esas­da hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň ugur­la­ry (hü­när­le­ri):

  1. Ma­te­ma­ti­ka we me­ha­ni­ka (hü­när­ler: ma­te­ma­ti­ka; amaly ma­te­ma­ti­ka we in­for­ma­ti­ka).
  2. Fi­zi­ka we ast­ro­no­mi­ýa (hü­när­ler: fi­zi­ka; ra­dio­fi­zi­ka we elekt­ro­ni­ka).
  3. In­for­ma­ti­ka we ha­sap­la­ýyş teh­ni­ka­sy (hü­när: mag­lumat ul­gam­la­ry we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry).
  4. Bio­lo­gi­ýa ylym­la­ry (hü­när: bio­lo­gi­ýa).
  5. Hi­mi­ýa (hü­när: hi­mi­ýa).
  6. Ýe­ri öw­re­niş ylym­la­ry (hü­när: ge­og­ra­fi­ýa).
  7. Psi­ho­lo­gi­ýa ylym­la­ry (hü­när: psi­ho­lo­gi­ýa).
  8. Ta­ryh we ar­heo­lo­gi­ýa (hü­när: ta­ryh).
  9. Dil bi­li­mi we ede­bi­ýa­ty öw­ren­mek (hü­när­ler: türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty; iň­lis di­li we ede­bi­ýa­ty; rus di­li we ede­bi­ýa­ty).
  10. Hu­kuk işi (hü­när: hu­kuk öw­re­niş).

Tö­leg­li esas­da ba­ka­lawr­la­ry taý­ýar­la­ma­gyň ugur­la­ry:

  1. Ma­te­ma­ti­ka we me­ha­ni­ka (taý­ýar­ly­gyň ug­ry: ama­ly mate­ma­ti­ka we in­for­ma­ti­ka).
  2. In­for­ma­ti­ka we ha­sap­la­ýyş teh­ni­ka­sy (taý­ýar­ly­gyň ugry: mag­lu­mat ul­gam­la­ry we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry).

Uni­wer­si­te­te Türk­me­nis­ta­nyň umu­my or­ta ýa-da or­ta hü­när bi­lim­li, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýat­la­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­tije­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry we­la­ýat mer­kez­le­rin­de we Aş­ga­bat şähe­rin­de 2020-nji ýy­lyň 6 — 19-njy iýu­ly ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);

— umu­my or­ta (ýa-da or­ta hü­när) bi­lim ba­ra­da­ky res­mi­nama (asyl nus­ga­sy);

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ministr­li­gi ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rin­den, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çe­si­niň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýag­da­ýyn­da hünär bilimi edaralaryna kabul edilende ar­tyk­maç­lyk­lar­dan peý­da­lan­ýan oku­wa gir­ýän ýy­lyn­da mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ders­ler bo­ýun­ça döw­let bäsle­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri, umu­my­bi­lim ders­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li res­mi­na­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar­lar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän­ler ýo­karda gör­ke­zi­len res­mi­na­ma­lar bi­len bir­lik­de, res­mi­na­ma­la­ry kabul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nus­ga­lary­ny tab­şyr­ýar­lar:

— şah­sy pas­por­ty­ny;

— Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­rin­de har­by gul­lu­gy geçen­ler har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny, har­by gul­lu­gy geç­me­dik ýi­gitler ýa­zy­lyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan peýda­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler.

Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we res­mi iş ka­gyz­la­ry üçin dalaş­gär şah­sy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek uni­wer­si­tet­de (Aş­ga­bat şä­he­ri) aşak­da­ky möh­let­ler­de ge­çi­ril­ýär:

Bal­kan we­la­ýa­ty

— iýul aýy­nyň 22-23-i, 26-sy we 28-i gün­le­ri;

Ma­ry we­la­ýa­ty

— iýul aýy­nyň 24-25-i, 27-si we 28-i gün­le­ri;

Le­bap we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 29-30-y, aw­gust aýy­nyň 2-si we 4-i gün­le­ri;

Aş­ga­bat şä­he­ri — iýul aýy­nyň 31-i — aw­gust aýy­nyň 1-i, awgust aýy­nyň 3-i we 4-i gün­le­ri;

Da­şo­guz we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 5-6-sy, 9-y we 11-i gün­le­ri;

Ahal we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 7-8-i, 10-y we 11-i gün­le­ri.

Gi­riş sy­nag­la­ry aşak­da­ky ders­ler bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýär:

ma­te­ma­ti­ka; ama­ly ma­te­ma­ti­ka we in­for­ma­ti­ka; maglu­mat ul­gam­la­ry we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hü­när­le­ri we taý­ýarly­gyň ugur­la­ry — ma­te­ma­ti­ka, fi­zi­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

fi­zi­ka; ra­dio­fi­zi­ka we elekt­ro­ni­ka hü­när­le­ri — fi­zi­ka, mate­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

bio­lo­gi­ýa hü­nä­ri — bio­lo­gi­ýa, hi­mi­ýa, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

hi­mi­ýa hü­nä­ri — hi­mi­ýa, bio­lo­gi­ýa, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

ge­og­ra­fi­ýa; eko­lo­gi­ýa hü­när­le­ri — ge­og­ra­fi­ýa, bio­lo­gi­ýa, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

kar­tog­ra­fi­ýa; me­teo­ro­lo­gi­ýa hü­när­le­ri — ge­og­ra­fi­ýa, mate­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

psi­ho­lo­gi­ýa hü­nä­ri — bio­lo­gi­ýa, türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

ta­ryh; ar­heo­lo­gi­ýa; gün­do­ga­ry öw­re­niş; sy­ýa­sa­ty öwre­niş; fi­lo­so­fi­ýa; yla­hy­ýet hü­när­le­ri — Türk­me­nis­ta­nyň ta­ryhy, türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty, jem­gy­ýe­ti öw­re­niş;

türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty; žur­na­lis­ti­ka hü­när­le­ri — türkmen di­li we ede­bi­ýa­ty, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy,

jem­gy­ýe­ti öw­re­niş; iň­lis di­li we ede­bi­ýa­ty; fran­suz di­li we ede­bi­ýa­ty; nemes di­li we ede­bi­ýa­ty; pars di­li we ede­bi­ýa­ty; türk di­li we ede­bi­ýa­ty; arap di­li we ede­bi­ýa­ty; hy­taý di­li we ede­bi­ýaty hü­när­le­ri — saý­lap alan hü­när di­li ýa-da iň­lis di­li, türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

ital­ýan di­li we ede­bi­ýa­ty hü­nä­ri — iň­lis di­li, türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

rus di­li we ede­bi­ýa­ty hü­nä­ri — rus di­li, türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

hu­kuk öw­re­niş hü­nä­ri — Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy, türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty, jem­gy­ýe­ti öw­re­niş.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň or­ta mekdep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.

De­giş­li dil öw­red­ýän ders­ler­den baş­ga, äh­li ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­ni­len wagt­da sy­nag­la­ra esassyz se­bäp­le­re gö­rä ge­lip bil­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­lar­dan ge­çip bil­me­dik­ler soň­ky sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça deň muk­dar­da ba­ha alan­lar­dan ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kukdan aşak­da gör­ke­zi­len­ler peý­da­lan­ýar­lar:

— mu­gal­lym­çy­lyk mek­de­bi­ni ta­mam­lan we mu­gal­lym­çy­lyk ug­run­dan 2 ýyl­dan az bol­ma­dyk iş tej­ri­be­si bo­lan­lar (mu­gal­lymçy­lyk hü­när­le­ri­ne);

— ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy ge­çen­ler;

— hu­kuk öw­re­niş hü­nä­ri­ne gir­ýän­ler üçin hu­kuk go­raý­jy eda­ra­lar­da 2 ýyl­dan az bol­ma­dyk iş tej­ri­be­si hem-de şol edara­la­ryň döw­let we we­la­ýat de­re­je­sin­dä­ki­le­rin­den hö­dür­na­ma­sy bo­lan­lar.

Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy şa­ýo­ly, 31, tel.: 94-69-90, 94-54-29.

Ýene-de okaň

Ylymlar gününde geçiriljek çäreler

Ýaponiýa talyp hakly okuw maksatnamalaryna çagyrýar

Türkmen wekiliýeti “THE Aziýa baýragy- 2024” sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

ÝB Türkmenbaşy şäherinde energiýany iň köp tygşytlaýan mekdebi sylaglady

Hýubert Hamfri adyndaky maksatnama kabul edişlik başlaýar

“Çoganly” ýaşaýyş toplumynda täze mekdep gurlar