No menu items!
8.9 C
Istanbul
10/08/2020 5:52
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Lukmançylyk agyz-burun örtüklerini (maska) ullanmak

Lukmançylyk agyz-burun örtüklerini (maska) ullanmak

Tomsuň ortaky aýy howanyň üýtgemegi we düzümindäki maddalaryň kadadan ýokary bolmagy bilen baglanyşykly tebigy ekzogen täsirini peseltmek maksady bilen, saglygy goraýyş, söwda nokatlarynyň, bazarlaryň, jemgyýetçilik ulaglarynyň we beýleki ilata hyzmat edýän edaralaryň işgärleri şeýle hem allergiýasy we dowamly keselleri bar bolan adamlar dem alyş ýollary üçin niýetlenen lukmançylyk şahsy goraýyş serişdelerini, ýagny lukmançylyk agyz-burun örtüklerini hökman ulanmalydyrlar diýlip Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory Ogulmähri Geldiýewanyň “Türkmenistan” gazetiniň bugünki sanynda ýerleşdirilen makalasynda aýdylýar.

Bu makalada hususanda şeýle diýilýär, ýagny, ho­wa­nyň aşa gyz­ýan gün­lerin­de ýaş ça­ga­lar we gar­ta­şan adamlar ir säher bilen sagat 6 — 9 ara­ly­gyn­da, ag­şam 18 — 21 aralygynda ýanlaryna gerekli muk­dar­da agyz su­wu­ny alyp, tomus pas­ly­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk geý­nip çyk­sa­lar, go­wy bo­lar. Adam yssy howadan salkyn öýe girende, hökman derlän eşigini gury eşige çalyşmaly, sowadyjynyň aşagyna kellesini, ýüzüni we petekesini tutmaly däl, sebäbi bu kelle beýniniň, ýüzüň süňk boşluklarynyň sowuklama, ýokary dem alyş ulgamynyň keselleriniň döremegine getirip biler. Şeýle hem gyzyp gelip sowuk suwuň aşagyna girmek, sowadyjydan buz ýaly sowuk suwy, dürli içgileri birbada içmek hem düýbünden gadagandyr. Bu agyz boşlugynyň, dişleriň, gyzylödegiň, ýokary dem alyş ulgamynyň sowuklama keselleri ýaly keselleri ýüze çykarýar. Üşemek, Günüň aşagynda köp bolmak — ikisem beden üçin howply ýagdaýdyr. Şol sebäpden, bu ýagdaýda mylaýym bally limonly çaý, alma gaýnatmasyny we demlemesini, itburun we zirk, çopantelpek demlemelerini içmeli. Çünki olar bedene gerek bolan mikroelementleriň öwezini dolýar we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Düýe çalydyr agaran tomus paslynda bedene kuwwat beriji tagamlardyr. Mähriban Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik kitabynda ylmy taýdan gi­ňişleýin beýan edilýän narpyz, çopantelpek, ýandagyň güli, käkilik oty, boýbodron, buýan otlaryndan taýýarlanan melhem çaýlar tomus paslynda kuwwat berip, teşneligi gandyrmakda, keselleriň öňüni almakda uly ähmiýete eýedir. Soň­ky günleriň dowamynda howanyň ýagdaýyna geçirilen seljermäniň netijesinde, Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda Türkmenistanyň çäklerine günorta-gündogardan, demirgazykgündogardan we demirgazykdan aralaşan howa akymynyň täsiri bilen howada tozanyň agdyklyk edýän ýagdaýy hasaba alyndy. Bu bolsa adamyň saglygy üçin, aýratyn-da, dem alyş ulgamy üçin oňaýsyzdyr. Howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin degişli çäreleri güýçlendirmek zerurdyr. Tomsuň ortaky aýy howanyň üýtgemegi we düzümindäki maddalaryň kadadan ýokary bolmagy bilen baglanyşykly tebigy ekzogen täsirini peseltmek maksady bilen, saglygy goraýyş, söwda nokatlarynyň, bazarlaryň, jemgyýetçilik ulaglarynyň we beýleki ilata hyzmat edýän edaralaryň işgärleri şeýle hem allergiýasy we dowamly keselleri bar bolan adamlar dem alyş ýollary üçin niýetlenen lukmançylyk şahsy goraýyş serişdelerini, ýagny lukmançylyk agyz-burun örtüklerini hökman ulanmalydyrlar. II-günümiziň saglygy hakda uly aladalar edýän mähriban Prezidentimiziň ömrüniň uzak, janynyň sag, mertebesiniň mundan-da belent bolmagyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda we umumadamzat bähbitli, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Degişli habar

Türkmenistan: Koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasy

Wirusa garşy derman serişdeleri satyn alynar

Пресс-Релиз :Коронавирус

IŇ TÄZE HABARLAR

Keselleriň öňüni almak üçin…..

Özüňi goramak üçin : howpsuz aralygy berjaý etmekligiň ýokanç keselleriň döredijisiniň ýokuşmagyndan netijeli goraýandygyny ýatdan çykarman, jemgyýetçilik ýerlerinde 2 metrden az bolmadyk aralygy saklamaly; ...

Türkmenistanda Internet –peýdaly web saýtlaryň käbirleri

Soňky wagtlarda ýurdumyzda hususy web saýtlardan daşgary döwlet edara we döwlete degişli guramalara degişli web saýtlarlar yzygiderli açylýar, köp ýyllardan bäri bar bolanlar hem...

Türkmenistanda Mastercard – halkara töleg kartlary

MasterCard Maestro – bu kart kartlaryň içinde örän ýönekeýi. Nagt pul almak, söwda nokatlarynda hasaplaşmak ýaly hyzmatlary amala aşyrmak üçin niýetlenen. MasterCard Standard – bu...

Türkmen Bilim insanı Dr.Sarıyev’e Türkiye’de önemli görev

Türkiye’de öğretim üyeliği yapan  Doç.Dr. Berdi Sarıyev Türkiye’de önemli bir  göreve seçildi. Ankara Üniversitesi Dil ve Tarih-Cografya Fakültesi'nde öğretim üyesi Dr. Sarıyev, Atatürk Kültür,...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Çaga Robot Däldir

Arada men işim çykyp, obamyzdaky (Çagyl obasy) öýleriň biriniň gapysyndan gözledim. Görsem, är-aýal ikisem öýlerinde jem bolup oturan eken. Öý eýeleriniň göwünjeň mürähet etmekleri...

Hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwda

Türkmenistanyň Maliýe  we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakynda kanunçylyga laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär. Bäsleşikli söwdalar 2020-nji...

TOEFL synagyny geçmek isleýäňizmi?

Siz mekdebi tamamladyňyzmy? TOEFL synagyndan ýokary bal gazanmak kynçylygyny çekýäňizmi? SAT barada eşitdiňizmi? Siz kollej derejesindäki akademik okuw we ýazuw barada bilýäňizmi? ABŞ-nyň ýokary...

Türkmen talyby «akylly öý» taslamasyny işläp düzdi

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Döwrangeldi Suwhanow «Ses buýruklary arkaly dolandyrylýan «akylly öý» atly taslama işini taýýarlady ― diýip, «Nesil» gazeti habar berýär. Aýdaly, ir bilen...