No menu items!
8.9 C
Istanbul
13/08/2020 15:19
No menu items!
Home BILIM LEBAP WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI

LEBAP WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Türkmen milli saz gurallary.
  2. Kirişli saz gurallary.
  3. Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary.
  4. Sazyň taryhy we nazaryýeti.
  5. Horeografiýa sungaty.
  6. Bagşyçylyk sungaty.
  7. Aýdym aýtmak sungaty (wokal).
  8. Fortepiano.
  9. Hor dirižýorlygy.
  10. Halk saz gurallary.
  11. Nakgaşçylyk

Ýörite sungat mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Ýörite sungat mekdebiniň horeografiýa sungaty (halk tansy) hünärine M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň, ýurdumyzyň çagalar sungat mekdepleriniň tans bölümini tamamlan, şeýle-de döredijilik we tans toparlarynda tansçy bolup azyndan 2 ýyl işlän ýa-da iş tejribesi bolan oglan-gyzlar kabul edilýär.

Ýörite sungat mekdebiniň aýdym aýtmak sungaty (wokal) hünärine 18 ýaşyny dolduran, M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatyny, ýurdumyzyň çagalar sungat mekdeplerini tamamlan oglan-gyzlar kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Türkmenabat şäherinde 2020-nji ýylyň 6 — 19-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— sazçylyk ýa-da ýörite çeperçilik bilimi barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

— 2 sany galamda, 2 sany reňkde, 2 sany eser (kompozisiýa) işlerini (nakgaşçylyk hünärine okuwa girýänler üçin).

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2020-nji ýylyň iýul aýynyň 22-si, 24-i, 26-sy günlerinde Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde (Türkmenabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

sazyň taryhy we nazaryýeti hünäri — hünäri boýunça, fortepiano we saz edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

horeografiýa sungaty hünär — hünäri boýunça iki tapgyrda, Türkmenistanyň taryhy;

nakgaşçylyk hünäri — galamda surat çekmek, eser döretmek (kompozisiýa), Türkmenistanyň taryhy;

galan ähli hünärler — hünäri boýunça, solfejio we sazyň nazaryýeti, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary sungat mekdepleriniň we Türkmenistanyň orta mekdepleriniň (Türkmenistanyň taryhy) okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň salgysy: Türkmenabat ş., O.Garaýew köçesi, 117, tel.: 6-06-75, 6-16-49.

IŇ TÄZE HABARLAR

Ýer gazyp, hazyna tapýanlar häzirem bar

Şotlandiýaly höwesjeň arheolog Mariuş Stepýen metal detektoryň kömegi bilen 3 müň ýyllyk taryhy bolan hazynanyň üstünden bardy. «The Guardian» neşiriniň ýazmagyna görä, hazyna 1,5 metr...

“Skoda”-nyň täze ulagy

Ýakynda käbir maglumatlary bilen tanyşdyrylan «Skoda Enyaq» awtoulagy daşky dizaýny bilen hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Bu awtoulag kompaniýanyň 1-nji sentýabrda tanyşdyrmak isleýän ilkinji elektrik...

Russiýa halkara uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Koronowirus pandemiýasy sebäpli, ara düşen uzak arakesmeden soňra, Russiýa Federasiýasy awiagatnawlary amala aşyrýan döwletleriniň sanawyny köpeltmekçi. Metbugat maglumatlaryna görä, 1-nji sentýabrdan başlap, Gazagystan, Täjigistan...

Pareho “Wilýareala” geçdi

Ispaniýanyň “La Liga” çempionatynda çykyş edýän “Wilýareal’ topary Frensis Koklendan soňra “Walensiýa” toparynyň kapitany bolan Dani Parehony öz düzümine goşdy. Pareho topar bilen 4...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Basketbolçy aradan çykdy

Geçen möwsüm Serbiýanyň “Gyzyl ýyldyz” toparynda oýnan Mihael Ojo ýüregi agyry keseli sebäpli aradan çykdy. “Gyzyl ýyldyz” basketbol topary tarapynda berilýän habara görä, 30-njy iýunda...

Ruslan Mingazow täze topara geçdi

Pawlador şäheriniň «Irtyşynyň» maddy kynçylyklary sebäpli, ýakynda toparsyz galan milli ýygyndymyzyň 28 ýaşly ýarym goragçysy Ruslan Mingazow Gazagystanyň ýene bir topary bilen şertnama baglaşdy....

Türkmenistanyň Prezidenti serkerdeleriň hünär taýýarlygyny güýçlendirmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 12-nji awgustda geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow goranmak ministri B.Gündogdyýewiň ünsüni serkerdeleriň hünär taýýarlygyny güýçlendirmäge çekdi. TDH-nyň habarynda hem nygtalyşy ýaly,...

Arkalaşan dag aşar : Ot almaga gelen ýaly

Arada goňşylarymyzyň biri gelip, köp aýak çekmän, turmak bilen boldy. Men oňa nägilelik bilen: -Munyň-a, goňşy, “Ot almaga gelen ýaly” bolaýdy-la. Ine-gana oturyp çaýlaşmalydy-da –...