SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaýyň sanjymy hem taýýar bolýar

Russiýa koronawirusy sanjymyny tassyklandan soň Hytaýdan hoş habar geldi. Döwlet eýeçiligindäki kompaniýa bahasy 140 dollardan arzan bahadan öndüriljek sanjymyň ýylyň ahyryna çenli bazara taýýar boljakdygyny habar berdi. Bu barada “NTV” habar gullugynda habar berilýär.

“SinoPharm” kompaniýasynyň müdiri Liu Çingin Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň “Guangming” gazetine ýylyň ahyrynda çykjak “Covid-19” sanjymynyň bahasynyň 140 dollardan hem arzan boljakdygyny we iki dozanyň 28 günüň dowamynda öndüriljekdigini aýtdy.

“SinoPharm” kompaniýasynyň dolandyryjysy bu sanjymyň ýylda 220 million dozany öndürip biljekdigini aýtdy.

Related posts

Türkiýäniň syrly ýerleri: Egeý we Ortaýer deňizleri

Ata Watan Eserleri

Sakgyç çeýnemek isleýäňizmi? Baş üstüne!

Ata Watan Eserleri

Hytaý daşary ýurtlulara wizalaryň ähli görnüşini bermegi dikeldýär