No menu items!
8.9 C
Istanbul
10/08/2020 1:33
No menu items!
Home BILIM HYDYR DERÝAÝEW ADYNDAKY MUGALLYMÇYLYK MEKDEBI

HYDYR DERÝAÝEW ADYNDAKY MUGALLYMÇYLYK MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Başlangyç synplarda okatmak.
  2. Mekdebe çenli bilim we terbiýe.

Tölegli esasda:

  1. Başlangyç synplarda okatmak.

Mugallymçylyk mekdebine Mary we Lebap welaýatlarynda hemişelik ýaşaýan umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Mary şäherinde 2020-nji ýylyň 6 — 19-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2020-nji ýylyň iýul aýynyň 22-23-i, 25-26-sy we 28-29-y günlerinde H.Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde (Mary ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň salgysy:

Mary ş., Aşgabat köçesi, 49,tel.: 5-20-55, 5-29-15.

IŇ TÄZE HABARLAR

Keselleriň öňüni almak üçin…..

Özüňi goramak üçin : howpsuz aralygy berjaý etmekligiň ýokanç keselleriň döredijisiniň ýokuşmagyndan netijeli goraýandygyny ýatdan çykarman, jemgyýetçilik ýerlerinde 2 metrden az bolmadyk aralygy saklamaly; ...

Türkmenistanda Internet –peýdaly web saýtlaryň käbirleri

Soňky wagtlarda ýurdumyzda hususy web saýtlardan daşgary döwlet edara we döwlete degişli guramalara degişli web saýtlarlar yzygiderli açylýar, köp ýyllardan bäri bar bolanlar hem...

Türkmenistanda Mastercard – halkara töleg kartlary

MasterCard Maestro – bu kart kartlaryň içinde örän ýönekeýi. Nagt pul almak, söwda nokatlarynda hasaplaşmak ýaly hyzmatlary amala aşyrmak üçin niýetlenen. MasterCard Standard – bu...

Türkmen Bilim insanı Dr.Sarıyev’e Türkiye’de önemli görev

Türkiye’de öğretim üyeliği yapan  Doç.Dr. Berdi Sarıyev Türkiye’de önemli bir  göreve seçildi. Ankara Üniversitesi Dil ve Tarih-Cografya Fakültesi'nde öğretim üyesi Dr. Sarıyev, Atatürk Kültür,...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Amir Han Türkiýä geler

Hindi kinosynyň dünýä belli aktýory Amir Han Türkiýä täze “Laal Singh Chaddha” filmini surata düşürmäge gitmegi meýilleşdirýär. Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň beren beýanatynda meşhur hindi...

BSSG: örtük – raýdaşlygyň nyşany

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreyesus hemmelere ýanynda antiseptik götermäge we zerur bolan ýagdaýynda agyz-burun örtügini dakynmagy maslahat berdi. Ol agyz-burun...

Täjigistanda Prezident saýlawlary geçiriler

Täjigistanyň ýokarky we aşaky parlamentiniň deputatlarynyň bilelikdäki mejlisinde şu ýylyň 11-nji oktýabrynda prezident saýlawlaryny geçirmek barada karar kabul edildi. Bu barada ýurduň metbugat gulluklary...

BSGG halkara karantin çärelerini üç aý uzaltdy

Bütindünýä saglygy goraýyş merkezi koronowirus bilen bagly halkara karantin çärelerini ýene-de üç aý uzaltdy. BSGG koronowirusy: «asyrda bir gezek bolýan, ýöne täsirini onýyllyklara ýetirýän kesel»...