DÜNÝÄ

Hoş habar: «Google translate» indi türkmen diline hem terjime edýär

«Google» kompaniýasynyň onlaýn terjime ulgamy bolan «Google translate» öz düzümine türkmen dilini hem goşdy. Bu barada kompaniýa tarapyndan düýn resmi ýagdaýda habar berildi.

Aslynda, onlaýn terjime ulgamyna täze dilleriň bäşisi goşuldy. Olar türkmen, tatar, uýgur, kiýaruand we odi dilleridir. Şeýlelikde, «Google translate» indi dünýä dilleriniň 108-sine onlaýn usulda terjime edýär.

«Atawatan Turkmenistan» täze ulgamda ilkinji terjimeleri synap gördi. Ulgam häzirlikçe käbir grammatiki düzgünleri azda-kände garjasa-da, kämile ýakyn terjime edip bilýär. Esasan hem, rus, iňlis dillerinden edilen terjimeler has kämil çykýar.

Related posts

Türkmenistan IX Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşdy

Ýaponiýanyň ilkinji zenan Premýer-ministri saýlandy

Türkmen wekiliýeti «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy