JEMGYÝET

Döwlet migrasiýa gullugy habar berýär

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasportyny almak (çalşyrmak) üçin elektron nobata ýazylyş hyzmatyny hödürleýär. Bu hyzmat  barada  maglumat www.migration.gov.tm saýtynda  berilýär. Bildirişde şeýle diýilýär:

Hormatly raýatlar! Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasportyny almak (çalşyrmak) üçin elektron nobata ýazylyş (hyzmat tölegli) hyzmatyndan peýdalanmak üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň www.migration.gov.tm  internet saýtyny ulanyp bilersiňiz.

Nobata ýazylmak üçin

https://nobat.migration.gov.tm/ 

Nobata ýazylmazdan öň bilmeli zatlar:
  • Nobata durmak üçin özüňize amatly wagty saýlamaly.
  • Saýlan wagtyňyzdan 10 minut öň gelmeli.
  • Saýlan wagtyňyzdan gijä galan ýagdaýyňyzda nobata täzeden durmaly.
  • Ulgamyň üsti bilen biometriki maglumatly pasport resmileşdirmek üçin hem-de migrasiýa edaralarynyň müdirleriniň kabul edişligine nobata ýazylyp bilersiňiz!
  • Online nobat hyzmaty tölegli.

Related posts

Kaliforniýa uniwersitetiniň ALSA-nyň Prezidentligine Türkmenistanly hukukçy saýlandy

Türkmenistanyň DIM-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

«Business Central Asia» žurnalynyň ýene bir sany Türkmenistana bagyşlandy

Ata Watan Eserleri