No menu items!
8.9 C
Istanbul
13/08/2020 14:19
No menu items!
Home BILIM BEKI SEÝTÄKOW ADYNDAKY MUGALLYMÇYLYK MEKDEBI

BEKI SEÝTÄKOW ADYNDAKY MUGALLYMÇYLYK MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Başlangyç synplarda okatmak.
  2. Mekdebe çenli bilim we terbiýe.

Mugallymçylyk mekdebine Daşoguz welaýatynda hemişelik ýaşaýan umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Daşoguz şäherinde 2020-nji ýylyň 6 — 19-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2020-nji ýylyň iýul aýynyň 22-23-i, 25-26-sy we 28-29-y günlerinde B.Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde (Daşoguz ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň salgysy:

Daşoguz ş., Alp Arslan köçesi, 20, tel.: 9-39-09.

IŇ TÄZE HABARLAR

Pareho “Wilýareala” geçdi

Ispaniýanyň “La Liga” çempionatynda çykyş edýän “Wilýareal’ topary Frensis Koklendan soňra “Walensiýa” toparynyň kapitany bolan Dani Parehony öz düzümine goşdy. Pareho topar bilen 4...

Matuidi Amerika barýar

Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň ýarymgoragçy Bleýz Matuidi bilen şertnamasynyň tamamlanandygy mälim edildi. Taraplar özara ylalaşyk esasynda şertnamany bes etdiler. Fransuz raýaty 2017-nji ýyldan bäri “Ýuwentus”-da çykyş...

Lihtştaýner futboly taşlady

Şweýsariýa futbol federasiýasynyň resmi web sahypasyda “Ýuwentusyň” we “Arsenalyň” öňki goragçysy Ştefan Lihtştaýner özüniň futbol ýoluny tamamlandygyny habar berdi. “Eziz janköýerlerim üçin şu wagta çenli...

Ýol hereketine gözegçiligi talaba laýyk guramak tabşyryldy

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 12-nji awgustda geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow içeri işler ministri M.Çakyýewiň ünsüni ýol-gözegçilik gullugynyň alyp barýan işlerine çekdi. Döwlet Baştutany ministrligiň ähli...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň duşuşyklary 2021-nji ýyla geçirildi

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň oktýabr we noýabr aýlarynda geçirilmegi meýilleşdirilen halkara duşuşyklary 2021-nji ýyla geçirildi. Bu barada AFK resmi saýtynda habar berdi. 2020-nji ýylda COVID-19...

Ronaldo “Ýuwentusdan” gidip biler

Italiýanyň «Ýuwentus» toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Kristiano Ronaldonyň başga topara geçip biljekdigi aýdylýar. Bu barada “Foot Mercato” portaly habar berýär. Maglumata görä, Ronaldo “Ýuwentusdaky” geljegine çynlakaý...

Ýewropa ligasynyň ¼ finalynyň duşuşyklary

Futbol janköýerleriniň arasynda uly gyzyklanma döredýän Ýewropa Ligasynyň kubogynyň ¼ finalynda duşuşjak toparlar belli boldy. Olar 1/8 final duşuşyklarynda garşydaşlaryny ýeňen “Baýer”, “Inter”, “Sewilýa”,...

Çaganyň özüne ynamyny nähili kemala getirmeli?

YNAM, özüňe ýa-da kesekilere ynanmak ýaşaýyş durmuşymyzda köp zady kesgitleýär. Maşgala, sosial gatnaşyklary ýola goýmakda özüňe hem birek -birege ynanmagyň möhüm orny bar. Üstünlikleriň...