No menu items!
26/09/2020 4:51
No menu items!
Home ATAWATAN ESERLERİ Barlygyňda baýdyryn

Barlygyňda baýdyryn

(Oýlanma)

Käbir zatlar ynsana tebigy taýdan berilýär. Ony ret etmek ýa kabul etmek onuň şahsy islegine bagly bolmaýar. Şol tebigylygy üýtgetmek-de, ýerini çalyşmak-da mümkin däl. Ol tebigy kanunyň hökmürowanlygy adamzat nesli tarapyndan dowamat dowam bolýar. Käte ene bilen perzendiň arasyndaky söýgi, ruhy baglanyşyk hakynda oýlanyp, onuň şol tebigy kanunyň bir maddasydygyna göz ýetirýärsiň. Şonuň üçin-de özümize ömründen ömür bagyşlan enelere bolan ýürek ýakynlygymyz, ruhy bitewiligimiz, egsilmez söýgimiz, hormat-sylagymyz hut tebigy ýagdaýdyr.

Bir zada eýelik edýän wagtyňyz, ony ýitirmekden howatyr edip gördüňizmi? Elbetde, bu kimdir birini çäksiz söýmek, şol bir wagtyň özünde-de ony ýitirmekden gorkmak bilen bagly döreýär. Ene bilen perzendiň arasyndaky ruhy baglanyşyga hemişe şu gorky kölege salýar diýip, öz ruhy dünýämden mysal alyp aýdyp biljek. Ene öz perzendinden, perzent bolsa enesinden jyda düşmekden ätiýaç edýär. Şonuň üçinem özümize iň ýakyn adamlara ilki bilen jan saglykdyr uzak ömür dileýäris…

Çäksiz ýer giňişliginden, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän suwly gurşawdan, jokramaly çöllerden, gür tokaýlyklardandyr şypaly dag-derelerden ybarat bolan ümmülmez ýer togalagy! Onuň goýnunda ýüzlerçe halk ömür sürýär. Medeniýetleriň, ýaşaýyş çäginiň, diliniň, dininiň hem beýleki aýratynlyklarynyň barlygyna garamazdan, adamzat jemgyýetini, belki-de duýgular dünýäsi ― söýmegiň, begenmegiň, gynanmagyň, hormat goýmagyň, şatlanmagyň… birmeňzeşligi bitewileşdirýändir. Ýer ýüzüniň haýsy künjegine barsaň-da, eneler öz perzendine iň gowy zatlary bermegiň aladasynda. Bu baradaky pikirlerini şahyr Annaberdi Agabaýew şeýle setirler bilen beýan edipdir:

 

«Eneleň gaşynda çaga bu zemin,

Goralyň zeminde birek-biregi.

Hiç bir enä çekdirmäliň perýady,-

Birdir dünýä eneleriň ýüregi!»

 

Adamzadyň tebigatyna ýene bir aýratynlyk mahsus. Ol elmydama öňe gitmegiň aladasynda. Şu günde ýaşaýan hem bolsa, şu gün bilen küýi ýok, ol ertiriň gamyny iýýär. Çagaka, basym ulalmagyň, ulalansoň maşgala gurmagyň, perzent söýmegiň, ony hünärli, öýli-işikli etmegiň arzuwynda. Hemmelere mahsus bolan şol isleg çagakam mende-de bardy. Şol döwürlerde göwün isleglerim seniň tagallaň bilen hasyl bolardy, käbäm. Mundan çenden aşa kanagatlanýan hem bolsam, ulalyp öz arzuwlarym birlikde seni hem wysalyňa ýetirmegi maksat edinerdim…

Indi möwrütini bitirmegini arzuwlan çagalygymyň elini bulaýlap gidenine ençe ýyl boldy. Ulularyň dünýäsine aralaşdym. Emma bu ýer meniň göz öňüne getirişimden has üýtgeşik. Bu ýerde çagalygymdaky ýaly şady-horramlyk hem ýok. Ulularyň dünýäsinde ähli zat uly eken, eje, ― alada-ünjüler-de, arzuw-niýetler-de, pikir-oýlar-da, öýke-kineler-de. Uly durmuşyň bir ujundan ýaňyrak ädimläp başlanam bolsam, bu ýoluň soňuna çykan ýaly, seniň deý mähriban, seniň deý ýürekdeş ynsana duş gelmejekdigime ilik-düwme akylym ýetýär.

Men bolsam seniň egniňe bagtdan köýnek tikip geýdiresim gelýärdi. Dost-dolamlaryň, ýakynlaryň däl, hut öz bagtymdan. Şol lybasyň tikimçisi-de özüm bolmak isledim, beýemçisi-de. Seniň gözleriň çuňlugyndan gözbaş alýan guwanjyň egsilmez gory bolmakdy niýetim. Emma mährem keşbiňe bakyp, seniň alyn saçlaryňa ýagan garlar hakda ünji edýän. Olar gitdigiçe kök urup barýar. Ýyl geçdigi saýyn hamraklygyň artýar. Owunjak aladalary-da öz gerdeniňe ýükläp, labyryňy artdyryp otyrsyň… men welin, munuň tersine bolmagy ugrunda jan çekipdir.

Käşgä maňa berýän tükeniksiz mähriň, hamraklygyň hem üns-aladaň bir ülşüni ödäp bilsem, käbäm. Şonda-ha gözlerimi armansyz ýumardym. Gözüme çiş kakylan gijelerde kellämde ýüz dürli pikirler at çapýar. Olaryň aglabasy-da sen hakynda. Ýyllar akyl maýaňy artdyryp, onuň öwezini daşky görküňden alýan ýaly aýlanyp dur. Ýüz-gözleriň nuranalygy bilen birlikde, ýyllaryň olarda goýýan ýygyrt möhürleri-de artyp gidip otyr. Olardan haýsysynyň saňa beren öz alada-ünjülerimden dörändigini bilmedim, käbäm. Ýöne her birine sebäpkär ýaly özümi öňünde günäli duýýan. Çünki gögelekäm özümiň ulalmagymy arzuw edemde, seniň gartaňlaşjagyňy bilmändirin. Käşgä seniň garrajagyňy bilen bolsadym. Şol arzuwlarymyň ganatyny ellerim bilen gyrkardym. Ömrümi seniň gujagyňda rahatlyk tapýan gundaglyja bäbejik bolup geçirmäge-de razy bolardym…

Näçe köp adamy jan-ten bilen söýdügiňçe, şonça gowşak bolýandygyň hakynda eşidipdim. Ýüregimde mesgen tutan perzentlik duýgularymy elekden geçirip, bu jümläniň doly derejede mamladygyna şübhelenýän. Çünki saňa bolan söýgi, yhlaslylyk hem ýakynlyk maňa durmuşyň çarkandakly ýollaryny geçmäge tekge, köňlüme sabyr-kanagat berýär. Saňa bolan perzentlik söýgim ýaşaýşymyň many-mazmunydyr, käbäm. Ýanymdakaň, men güýçli hem ýeňilmezek. Seniň ýanyňda durmuş aladalary-da egnimi gemrip barmaýar. Gujagyňda baş goýdugym, çogly aýalaryň bilen başymy sypap, aladalarymdan saplaýaň. Göwnüme bolmasa, olary öz ýüregiňe siňdirýän ýaly bolup  dursuň…

Gözel ruhly nurana käbäm, saňa bolan söýgimi, ruhy baglanyşygymy iki sözde beýan edesim gelýär ― barlygyňda baýdyryn, saglygyňda şatdyryn. Dünýäme bezeg, durmuşyma özensiň. Iň esasy-da beren şunça bagtyň, mähir-muhabbetiň, sarp edýän wagtyň, ukusyz geçiren gijeleriň üçin muzd islemeýäň… Enäniň hiç bir zat bilen ýerini tutup bolmajak gudratdygy hem şundan ybaratdyr.

 

Aýsenem GURBANOWA,

Žurnalist.

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden Instagram hasabymyza girip,  şol ýerden  “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, bu eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

IŇ TÄZE HABARLAR

“Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis”

Türkmenistanyň Prezidenti Halk maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis diýip belläp geçti. Türkmenistanyň Prezidenti eden çykyşynda biziň baş maksadymyz,...

«Zenan kalby» ordeni : Täze Perman

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň sanawda berilen raýatlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanýar. Bu Permana Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşantlary,...

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» : Täze Perman

Türkmenistanyň  Prezidenti hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Ýurdumyzyň  sanawy berilen raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak barada  Permana...

Saglygy goraýyş işgärleri: Goşmaça hakyň möçberi näçe?

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynda eden çykyşynda dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýrap başlan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzda adamlaryň immunitetini güýçlendirýän esasy lukmançylyk enjamlaryny yzygiderli mugt üpjün...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Baýrakly Teswirler: Saýlanan teswirler belli boldy

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com  saýty “Saýlanan Teswirler” ady bilen täze  baýrakly taslamany amala aşyrdy. Täze taslama indi däbe öwrülen “Ata Watan Eserleri” bäsleşiginden...

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» : Täze Perman

Türkmenistanyň  Prezidenti hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Ýurdumyzyň  sanawy berilen raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak barada  Permana...

Türkmenistan bilen Ukrainanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitriý Kulebanyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleri boýunça...

Pakistanyň Prezidenti: «Türkmen Lideri bilen ýürekdeş söhbetdeşlik boldy»

Ozal hem habar berlişi ýaly, geçen hepdäni anna güni Türkmenistanyň we Pakistanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşligiň çäginde milli Liderimiz Gurbanguly...