30/10/2020 13:27
Home ATAWATAN ESERLERİ "Aşgabatda" öwsen Buenos-Aýres şemaly

“Aşgabatda” öwsen Buenos-Aýres şemaly

Duýguçyl adamlar şeýle bolýar diýeýinmi, nähili diýeýin, bilemok, «guş ganatsyz bolmaz, adam arzuwsyz» diýleni-dä. Arzuwsyz adam ýok, söýgüsiz durmuş! Arzuw bilen hyýal dälmi näme adamy şatlandyrýan, ony bagtly edýän, öňde goýan maksatlaryna sary äkidýän?! Hyýaly-fantastik eserleriň ussady Reý Bredberi hem «Hyýalbentlik – munuň özi seniň durmuşyň merkezi bolmalydyr» diýýär.

«Çaga mahalymyz kimde, haýsymyzda şu wagtkymyzdaky ýaly, uly maksatlar bardy?» diýýän. Soňam «Hatda millionlarça kilometrler hem ilkinji ädimden başlanýar», «Kiçijik söýgi bilen ullakan işler edilýär ahyry» diýlen aýtgylar bilen ylalaşýan hakydamda. «Çagalyk ýyllary» diýlende, biserhet arzuwlar, ýatlamaga iň gyzykly pursatlar, wakalar, ilkinji söýgi, ilkinji dostluk, nämälim bir mylaýymlygy özünde jemleýän kiçijik dünýäň biygtyýar seriňe dolýar. Uly maksat diýýänimizem näme hyýalymyzdaky zatlaryň hakyky bolmasa-da, hakykylygyna ynanyp, olary şol dünýämizde – köňlümizde ýaşatmakdan ybaratdy şol uçurlar. Özümiziň iň gowy görýän futbolçylarymyza, film gahrymanlarymyza-da baý meňzäsimiz gelendir-ä! Howlymyzyň daşynda sütüne derek daşdan derweze gurup, topara bölünende bolsa deňräk oýnaýan oglanlar bilen uzagraga gidip ýa futbolçynyň ýa-da aktýoryň atlaryny gulagymyza çawuş edip, futbol oýnardyk. Özem kapitanly. Ronalda «Renalda», Roberto Karlosa «Rebetta Karlos» diýip ulalan oglanlar biz. Belki-de meşhur Bebetonyň ady dilimizde galandygy üçin şeýledir?! Futbol diýmek – Braziliýa diýmekdi biziň üçin ýa-da tersine. Futbolçylaryň köýnekçisini geýip futbol oýnamak bolsa aýratyn lezzetdi.

Bir gün kakam bazara gitdi. Ondan Braziliýanyň futbol ýygyndysynyň köýnekçesini getirmegini sargadym. Birki sagat geçensoň, eli ak-gök reňkli futbol eşigi bilen dolanyp geldi. Arkasynda ýalpyldap duran 9-lyk belginiň ýokarsynda meniň üçin nämälim bir at ýazylgydy: Batistuta. Futbola oýnamaga geýip çykamda dostlarymyň göwnüne ýaran köýnekçe şol gün meniň kiçijik dünýämde «Argentina» diýen täze ýurdy açypdy. Gabriel Batistutany argentinleri dünýä meşhur eden Maradonadan öň tanadym diýsem geň görmäň. Gizläp oturmagyň hajaty ýok. Futbol diňe ýurtlaryň arasynda oýnalýandyr diýip otursam, asyl her ýurduň öz klublary hem bar eken. Üýtgeşig-äý! Batistutadan, Maradonadan öňki-soňky nesilleriň, gepiň külesi, argentin futboly, galyberse-de Argentina bilen bilen içgin gyzyklanyp  başladym şondan soň.

Okap bilersiňiz  Dünýämiziň almaz känleri

Batistutanyň maňa «açyp» beren ýurdunyň bir aýratynlygy bar, o-da howasy. Paýtagtynyň ady-da şondan gelip çykýan bolsa gerek. «Buenos Aýres» terjime edilende «ajaýyp howa», «sergin şemal» diýen manylary berýär. Özem bu ýurtda iýundan awgusta çenli gyş, sentýabr-noýabrda ýaz, dekabr-fewral aýlary tomus, mart-maý aralygynda-da güýz pasly dowam edýär.

Okap bilersiňiz  Ene Süýdi Bilen Iýmitlendirmegiň Bütindünýä Hepdeligi

Şu wagt howa maglumaty «…Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde günbatardan tizligi sekuntda 5-10 metre ýetýän şemal öwser, howanyň temperaturasy gündizine …gradus, gijesine bolsa …gradus maýly bolmagyna garaşylýar» diýlip, Nury Halmämmedowyň sazy bilen utgaşyp tamamlandy. «O ýerde häzir gyşdyr» diýip, oýlanyp oturşyma bir nämälim duýgy bilen «Aşyklaryň şäherinde» 2009-njy ýylyň fewralynda bolup geçen futbol baýramçylygyna dolandym. Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky ýaryşdy. Bizem mekdep okuwçysy hökmünde bilim bäsleşigine gaýdypdyk bir hepdeligine. Bäsleşik bahanasy bilen stadiona-da sowulardyk ýolda. «Aşgabatda» biziň bilen ýaşytdaş oýunçynyň çykyş edýänini aýtdylar. Ýaşlar toparyndanam bilýärdim ony. Onuň şol ýaryşdaky görkezen oýunlary maňa ýaryşdan iki ýyl öň «Kopa Amerikada» çykyş eden argentin futbolçysy Rodrigo Palasiony ýatlatdy. Ýüz-keşp däl, oýundaky hereketlerini, topy bilen gidende ellerindäki hereketlerini, tizligini, çalasynlygyny, hüjüme ýakynlygyny aýdýan. 14-nji belgidäki köýnekçelerini, saç stillerini hasaba almasaň, soň-soň şeýleräk hatarladym olaryň meňzeşligini aňymda. Bu-ýa Ruslan. O-da Rodrigo. Ikisiniňem ady «R» bilen başlanýar. «Aşgabat» türkmen paýtagtynyň topary, beýlekisem – «Boha Huniors» Argentinanyňky. Boýlaram deňeçer – 1-74-1,75.

Okap bilersiňiz  Prezidentiň ilkinji ulagy satuwa çykaryldy

Çagalar ulularyň diýenini etmän bilerler, emma olaryň hereketini göçürmegi bes etmez diýilýär. Surat çeken ýaly. Bizem ilkinji nobatda göreldäni maşgaladakylarymyzdan, ýa bolmasa ýakynlarymyzdan alýarys çagakak. Rodrigonyň kakasy Hose Roman Palasio – öz döwrüniň zehinli futbolçysy. Ruslan Mingazow-da bu ýola döwründe türkmen futbolyna önjeýli goşant goşan Kamil aganyň kämil futbol mekdebinden başlady. Diýmek, ikisem futbolçynyň maşgalasynda doglan. Çekilen suraty «basyp almak» bar. Çekilen surata seredip çekmek bar. Ýatdan çekmek bolsa eýýäm başga gürrüň. Şol bäsleşikden soň, 2009-njy ýylda bularyň ikisiniňem öz materiginde eken tohumlary olaryň ykbal daragtlary bolup başga bir yklymda gögerdi. Ýurt tuglarynyň has-de belentde parlamagy üçin biri Günorta Amerikadan, beýlekisi Aziýadan Ýewropa gaýtdy. Palasio Italiýanyň «Ženoasynda» oýnap başlady, Mingazowam Latwiýanyň paýtagty Riganyň «Skontosynda» ýoluny dowam etdirdi. Ikisi hem birnäçe klublarda oýnap üstünliklere eýe boldular, bolmaklarynam dowam edýärler, ýokarda aýdyşym ýaly suraty indi ýatdan çekýärler. Bu eýýäm başga hekaýa. Ýöne şu ýerde ýekeje zady belläp geçeýin: Ženoadan Riga uçarda uçsaň aralyk 1750 km eken. Boýlaram 1,75 diýipdig-ä başda…

Okap bilersiňiz  «Financial Timese» görä ýylyň adamy...

Häzir howa maglumatynyň çaklamalaryny birki hepde öňünden görüp bolsa-da, käte tamaň çykmaýan ýerlerem bolaýýar. Emma şol ýaryşda ýetginjek futbolçynyň nämeler edip biljekdigi bolsa edil Aý dogan ýalydy. Sebäbi boljak oglan başdan bellidi. Hawa. Aýazly günlerde birki hepde dowam eden şol ýaryşda Ruslan Mingazow «Aşgabadyň» janköýerlerine Buenos-Aýresiň gyzgynjak şemalyny ýaş ýüreginiň ýylysy bilen paýlap beripdi.

Okap bilersiňiz  TmKontakt: Biznesiň Onlaýn Maglumat Programmasy

 

Saparnepes ATABAÝEW,

Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini

çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen

2-nji orta mekdebiň mugallymy

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden Instagram hasabymyza girip,  şol ýerden  “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, bu eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

IŇ TÄZE HABARLAR

Iň owadan zenan Julia Robertsiň filmleri

Owadan ýylgyryşy bilen meşhurlyga eýe bolan Golliwudyň iň owadan zenanlaryndan biri Julia Roberts karýerasynyň dowamynda köp sanly filmde surata düşdii. 90-njy ýyllary Riçard Giriň...

Ertirlik üçin ýeralmaly peýnirli tagam

Mähriban okyjylar, men bu gezek size ertirlik üçin taýýarlanyşy aňsat we öýüňizde bar bolan zatlar bilen datly tagamyň taýýarlanylyşyny öwretmekçi. Munuň üçin gerekli önümler: 4...

Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň agentlikleriniň we halkara maliýe institutlarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar...

Gadymy söýgi haty

Entek hat ýazuwyň ýok mahalynda habarlary hem-de wakalary şekilleriň üsti bilen mälim edilýän gadymy döwürde hem ýigit bilen gyzyň arasynda söýgi haty bolupdyr. Alymlar...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Nädip benziniň sarp edilşini tygşytlamaly

Ilkibaşdan, bilmeli zadymyz: siziň wezipäňiz — benziniň sarp edilişini azaltmak däl-de, onuň artykmaç harçlanmagynyň öňüni almakdyr. Dürli görnüşli enjamlary ulanmak arkaly benziniň sarp edilişini...

Angliýadaky iň ýaş meşhur ýyldyzlar

“Heat” žurnaly tarapyndan her ýyl yglan edilýän Angliýada 30 ýaşa ýetmedik sungat işgärleriniň  2020-nji ýyldaky  sanawy kesgitlenildi. Olaryň jemi baýlygy 210 million funta barabardyr. Ine,...

“Infinix Zero 8”: tapawutly aýraýtynlygy selfi kamerasy

“Infinix Mobile” kompaniýasy selfi kamerasy 48 megapikselli we esasy kamerasy 64 megapiksel bolan dünýäde ilkinji telefon diýlip atlandyrylýan “Zero 8” akylly telefonyny hödürledi.  “Infinix...

Türkmenistanda konsullyk tassyklamalary onlaýn amala aşyrylar

Türkmenistan konsullyk ýazgylarynda hasaba almak işini onlaýn tertibe geçirmek babatda aýgytly ädimi ätmekçi. Häzir Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi konsullyk hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak we resminamalary tassyklamagy...