No menu items!
8.9 C
Istanbul
13/08/2020 14:18
No menu items!
Home BILIM AHAL WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI

AHAL WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Türkmen milli saz gurallary.
  2. Kirişli saz gurallary.
  3. Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary.
  4. Saz mugallymçylygy.
  5. Sazyň taryhy we nazaryýeti.
  6. Horeografiýa sungaty.
  7. Fortepiano.
  8. Hor dirižýorlygy.
  9. Halk saz gurallary.
  10. Nakgaşçylyk.

Ýörite sungat mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda 2020-nji ýylyň 6 — 19-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— sazçylyk ýa-da ýörite çeperçilik bilimi barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny;

— 2 sany galamda, 2 sany reňkde, 2 sany eser (kompozisiýa) işlerini (nakgaşçylyk hünärine okuwa girýänler üçin).

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2020-nji ýylyň iýul aýynyň 22-si, 24-i, 26-sy günlerinde Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde (Büzmeýin etraby) geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

sazyň taryhy we nazaryýeti hünäri — hünäri boýunça, fortepiano we saz edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

horeografiýa sungaty hünäri — hünäri boýunça iki tapgyrda, Türkmenistanyň taryhy;

nakgaşçylyk hünäri — galamda surat çekmek, eser döretmek (kompozisiýa), Türkmenistanyň taryhy;

galan ähli hünärler — hünäri boýunça, solfejio we sazyň nazaryýeti, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary sungat mekdepleriniň we Türkmenistanyň orta mekdepleriniň (Türkmenistanyň taryhy) okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., Büzmeýin etraby, Arkadag köçesi, 1, tel.: 33-52-41.

IŇ TÄZE HABARLAR

Pareho “Wilýareala” geçdi

Ispaniýanyň “La Liga” çempionatynda çykyş edýän “Wilýareal’ topary Frensis Koklendan soňra “Walensiýa” toparynyň kapitany bolan Dani Parehony öz düzümine goşdy. Pareho topar bilen 4...

Matuidi Amerika barýar

Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň ýarymgoragçy Bleýz Matuidi bilen şertnamasynyň tamamlanandygy mälim edildi. Taraplar özara ylalaşyk esasynda şertnamany bes etdiler. Fransuz raýaty 2017-nji ýyldan bäri “Ýuwentus”-da çykyş...

Lihtştaýner futboly taşlady

Şweýsariýa futbol federasiýasynyň resmi web sahypasyda “Ýuwentusyň” we “Arsenalyň” öňki goragçysy Ştefan Lihtştaýner özüniň futbol ýoluny tamamlandygyny habar berdi. “Eziz janköýerlerim üçin şu wagta çenli...

Ýol hereketine gözegçiligi talaba laýyk guramak tabşyryldy

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 12-nji awgustda geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow içeri işler ministri M.Çakyýewiň ünsüni ýol-gözegçilik gullugynyň alyp barýan işlerine çekdi. Döwlet Baştutany ministrligiň ähli...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Üýtgeşik telewizor

Düýn “Xiaomi” kompaniýasy hakykatdanam “Mi TV Lux Transparent Edition” atly dury, düýbi görnüp duran ilkinji telewizoryny açmak bilen hemmeleri geň galdyrdy. “Xiaomi”-iň şeýle derejedäki...

Her gün 10 müň örtük öndürilýär

Bereket şäherindäki tikin fabriginde her gün 10 müň sany lukmançylyk örtügi öndürilýär. Ýokary hilli ol örtükler welaýatyň saglyk ulgamynyň edaralaryna, söwda nokatlaryna hem-de edara-kärhanalaryna ugradylýar. «Türkmenistan»...

Balyk akwariumynyň “akylly” görnüşi

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy “Xiaomi Mijia” programmasyny goldaýan täze “Xiaomi” yşyklandyryş we Wi-Fi bilen “Smart Fish Tank Pro” akwariumyny hödürledi. Ulanyjylar dürli maglumatlary göni öz...

Türkmen Startuplaryň bäsleşigi yglan edildi

Türkmen startuplaryň arasynda bäsleşik yglan edildi. Ýurdumyzyň ähli fiziki we ýuridik şahslary özleriniň taýýar programma üpjünçilikleri we innowasion oýlap tapmalary bilen bu bäsleşige gatnaşyp...