TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Smolow “Dinamo” toparyna geçdi

Russiýanyň “Lokomotiw” toparynyň hüjümçisi Fedor Smolow “Dinamo” toparyna geçdi. Bu barada “Lokomotiw” toparynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

– Fedora toparda görkezen oýny üçin minnetdarlyk bildirip, geljekki durmuşynda üstünlikler arzuw edýäris – diýip,  “Lokomotiw” toparynyň resmi saýtynda aýdylýar.

Smolow “Dinamo” toparyna geçmek üçin zähmet hakyny azaltmak balangyjyny kabul etdi. Ol “Lokomotiw” toparynda ýyllyk 3,1 million ýewro gazanýardy. “Dinamo” topary Smolowyň transferi üçin 10 million rubl töledi.

Smolow “Lokomotiw” toparynda 22 duşuşykda oýnap, 7 gol geçirdi. Ol bu toparda 2018-nji ýylyň awgustyndan bäri çykyş edip gelýär.

Smolow ozal “Dinamo” (2007-2015), Niderlandlaryň “Feýenord” (2010), “Anži” (2012-2013), “Ural” (2014-2015), “Krasnodar” (2015-2018), “Lokomotiw” (2018-2021) we Ispaniýanyň “Selta” (2020) toparynda çykyş etdi.

Ol “Krasnodar” toparynyň düzüminde 2 gezek Russiýanyň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy.

Nemes tälimçi Sandro Şwarsyň tälimçiligindäki “Dinamo” topary soňky döwürde Russiýanyň milli çempionatynyň iň netijeli toparlarynyň hataryna goşuldy.

Düýeler üçin 5 ýyldyzly myhmanhana

Ýene-de okaň

Katar-2022: Horwatiýa ilkinji ýarym finalçy

Ispaniýanyň ýygyndysyna täze tälimçi bellendi

Futbolyň iň abraýly kubogy Italiýada öndürilýär

Teswirle