TEHNOLOGIÝA

Smartfon önümçiligini bes edýär

Günorta Koreýanyň “LG” kompaniýasy elektromobil, internet tehnologiýasy hem-de işewürlik üçin täze çözgütler ýaly ugurlara has köp üns bermek maksady bilen smartfon önümçiliginden ýüz öwürýändigini mälim etdi.

– “LG”-niň ajaýyp bäsdeşlige ukyply ykjam telefon pudagyndan çykmak baradaky strategiki karary, kompaniýany öz çeşmelerini elektrik ulaglary, birikdirilen enjamlar, akylly öý, robot, emeli intellekt we iş çözgütleri, platformalar we hyzmatlar ýaly ösüş ugurlaryna gönükdirmäge mümkinçilik berer – diýlip, kompaniýanyň neýanatynda bellenilip geçilýär.

Kompaniýa şu ýylyň 31-nji iýulynda ykjam telefon önümçiligini ýatyrmak isleýär. bu kompaniýanyň telefonlarynyň käbir görnüşiniň satuwy dowam eder. Mundan başga-da, “LG ​​Electronics” belli bir döwürde bar bolan ykjam telefonlar üçin müşderilere hyzmat we programma üpjünçiligini täzelemegi dowam etdirmegi meýilleşdirýär.

Kompaniýa, smartfon önümçiligini bes etmegiň ähli döwründe üpjün edijiler we işewür hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy terk etmezlige söz berýär. Işsiz işgärler üçin iş meselesi ýerli derejede çözüler.

“LG Electronics” şereketi  “LG Group” kompaniýasynyň bir bölegi bolup, 1958-nji ýylda esaslandyryldy we 1995-nji ýyldan bäri häzirki ady bilen hereket edýär. Kompaniýanyň önümlerine dürli durmuş enjamlary, telewizor, kompýuter we degişli enjamlar, göçme enjamlar, akylly enjamlar, smartfonlar we başgalar girýär.

“LG Mobile Communications” 1990-njy ýyllardan bäri jübi telefonlaryny öndürýär. 2004-nji ýylda bu kompaniýa dünýäde ilkinji bolup ykjam teleýaýlym tehnologiýasyny (DMB) goldaýan telefon, 2011-nji ýylda bolsa 3D displeýli (LG Optimus 3D) dünýäde ilkinji smartfon hödürledi.

 

Çagalar üçin sözlük indi “offline” hem işleýär

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Russiýa sanly tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň täze konsepsiýasy kabul edildi

Gazagystanda ilkinji emeli aň uniwersiteti döredilip biler

“Nvidia” bazar bahasy $4,5 trilliona ýeten ilkinji kompaniýa

NASA Aýda oba gurmagy meýilleşdirýär

2025-nji ýyl: dünýäniň iň güýçli 10 robot taýýarlaýjy topary