BIZNES

“Skeçers” markasynyň taryhy

“Skeçers” 1992-nji ýylda Amerikada Robert Grinberg we Maýkl Grinberg tarapyndan gurlan kompaniýadyr. Bu marka aýakgap we egin-eşik markasy bolup, dürli-dürli önümler öndürýär. Amerikan merkezli “Skeçers” markasy Amerikanyň iň uly kompaniýalarynyň biridir.

Kompaniýanyň ilkinji aýakgaby Kaskades logger çyzgysy bilen meşhurlyk gazandy. “Skeçers” markasy birnäçe meşhur aýdymçylaryň ulanýan markasydyr.

Robert Grinberg 1960-njy ýylda dürli wezipelerde işlemäge başlady.  Grinberg 1970-nji ýyllarda Los Angelasa göçüp gidip,birnäçe  magazynlar açdy. Ol  1983-nji ýylda “La Gear” markasyny gurdy, 1992-nji ýylda belli bir sebäplere görä, Grinberg işden çykaryldy.  Edil şol ýyldan hem“Skeçers” markasyny döretdi. Bu marka hereketsiz oturmaýan çagany aňladýar.

1995-nji ýylda “Skeçers” markasy Amerikan kompaniýalar bilen erkekler üçin niýetlenen egin-eşik öndürmek üçin şertnama baglanyşýar.1997-nji ýylda “Skeçers”kompaniýasy öndüren aýakgaplarynyň köpüsini Aziýada , Ýewropada  satmaga başlady. 10 ýyl soňra “Skeçers” markasy aýakgap öndürmekde meşhurlyga eýe boldy, çagalar üçin, erkekler üçin, zenanlar üçin hem aýakgaplar öndürýär.

«Daýhanbank»: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Related posts

Türkiye’de Eğitim almak için başvuru yaparken Tercüme hizmeti

vepa

Birža täzelikleri: az kükürtli ýangyç mazudyna uly isleg

Nobel baýragynyň eýesi ilkinji zenan bilim işgäri