SIZDEN GELENLER

Singapur barada bilesiňiz gelýärmi?

Singapur döwleti geografiki ýerleşişi taýdan Günorta-Gündogar Aziýada ýerleşip, ýurduň resmi dili iňlis dilidir. Singapur-dünýädäki bar bolan üç sany özygtyýarly şäher-döwletleriniň biri bolup, Malakka ýarymadasynyň günorta böleginde ýerleşen adalar döwleti hasaplanýar. Malaýziýa döwletiniň golaýynda ýerleşýän Singapur elliden hem köpräk ululy-kiçili adadan emele gelip, ýurduň paýtagty hem esasy adada ýerleşýändir. Mundan başga-da bu ýurt Aziýanyň hem-de dünýäniň iň arassa  şäherleriniň biri. Singapuryň aeroporty dünýäde halkara gatnawlarynyň iň iri çatrygy bolup, ol islendik howa şertlerindede uçuşlary amala aşyrmaga ukyply we ýokary amatlyklary bolan howa menzilidir. Aeroportyň esasy binasynyň içini dürli gyrymsy agaçlar, çyrmaşyp ösýän ösümlikler bilen bir hatarda güller hem öz gözelligi bilen bezeýär. Özboluşlylygy bilen tapawutlanýan şeýle  agaçlara bolsa dünýäniň başga ýerlerinde aňsat duş gelinmeýär. Syýahatçylyk babatynda dünýäniň öňde baryjy ýurtlarynyň biri bolan Singapura her ýylda 15 milliondan gowrak syýahatçy gelýär. Singapurda “zir-zibillere” garşy kanun kabul edilenden soňra, tertip-düzgüni bilen tapawutlandy. Ýeri gelende aýratyn bellemeli zatlaryň ýene biri-de Singapurdaky berk kanunlardyr. Ýurtda gazaply jerime ulgamy hereket edýär. Mysal üçin aýnadan oklanan çilim zyňyndysy üçin düzgün bozujy 15 müň singapur dollaryny jerime tölemeli bolýar. Ýada köçä zyňlan kagyz bölejigi üçin 500-1000 singapur dollary möçberinde jerime salynýar. Sakgyjy köçä zyňmaga däl, ony saklamak we çeýnemek hem gadagan edilýär.

Singapur dünýäde iri maliýe we söwda merkezidir. Bu ýerde gije-gündiziň dowamynda üznüksiz hyzmat edýän bank ulgamyny döredendigi üçin bütindünýä maliýe merkezine öwrülmegi başardy. Hökümet informatika we biotehnologiýalar babatda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak işine hem uly üns berýär. Kompýuterleşdirmegiň we robotlary önümçilige ornaşdyrmagyň derejesi boýunça Ýaponiýadan soňra ikinji orny eýeleýär. Dünýädaki 4 sany iri portuň biri hem Singapurda ýerleşýär. Bu port bir wagtyň özünde 1 müň sany gämini kabul edip bilýär.

Şäheriň haýsy ýerlerini görmeli we gezelenç etmeli? Malaý ýarym adasynda ýerleşýän bu ýurt özüniň gözel ýerlerine gezelenç etmek, haýran galdyryjy binalary bilen bir hatarda köçeleriniň “gözüň ýagyny iýýän” yşyklandyryjylary bilen bezelen öwüşginlerini synlamaga çagyrýar. Bu ýurda ilkinji gezek baryp görjek syýahatçylara “Marina Bay Sands” atly toplumyny baryp görmek maslahat berilýär. 2010-njy ýylda açylan bu täsin ymarat 3 binadan bolup, bu binalary birleşdirýän köp gatly üçekden we ýanaşyk ýerlerindäki seýilgählerden, beýleki binalardan ybarat bolup onuň beýikligi 340 metre barabardyr. Bina 3 binanyň ýokarsyndan keseligine birleşipdirilip, ýokarsyndaky gämi şekili üçek äpet seýilgähe meňzeş bolup, bu ýerde bir wagtyň özünde 4 müňe golaý adam dynç alyp bilýär. Uzynlygy 150 metre barabar bolan “Tükeniksizlik” howuzy hem bar. Syýahatçylar bu binanyň 57-nji gatyndaky synlaýyş eýwanyndan şäheriň ajaýyp görnüşine hem-de günüň batyp barýan çagyna tomaşa edip bilýärler. Toplumyň çäginde 2561 otagly myhmanhana, 120 müň inedördül metr meýdany bolan sergiler merkezi, söwda merkezi, muzeý, teatr, dürli restoranlar, sungat sergiler merkezi we birnäçe ýerleri bar. Seýilgählerde bolsa müňlerçe ösümlikler ösýär we seýilgähiň çägindäki “Bulut tokaýynda” tebigy şertlerde 1000-2000 metr belentlikde ösüp ýetişýän agaçlaryň emeli görnüşi döredilipdir. Şeýle hem bu ýerde dünýädäki uly ýyladyşhana bolup, ol gül şekilli gümmez bilen örtülendir. “Merlion” heýkeli-Singapuryň döwlet nyşany bolup häzirki wagtda syýahatçylaryň iň köp barýan ýerleriniň birine öwrüldi. “Ýolbars şäheri” atly meýdançada bolsa ýolbarsyň kellesi bilen şäheriň balykçylyk geçmişini ýada salýan balygyň göwresiniň şekili ýerleşdirilendir. Şäherde 5 sany resmi “Merlion” heýkelini görmek bolýar.

 

Kakajan KAKAJANOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

 

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Ähli zadyň sakasy saglyk

Gahryman Arkadagymyzyň pähiminden dörän seýilgäh

Goşa mukaddesligiň baýramy

«Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» halkara sergisi geçirilýär

Taryhda yz goýjak “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy hazynadyr