JEMGYÝET

Si Szinpin: milli Liderimiz bilen telefon arkaly gepleşikler geçirmekçi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gynanç hatlary gelip gowuşýar. Bu gynanç hatlarynda Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň ady biziň ýüreklerimizde hemişelik saklanar diýlip bellenilýär.

Milli Liderimize gynanç hatyny iberen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin döwlet Baştutanymyza kakasynyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny bildirip, amatly wagtda milli Liderimiz bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirip, hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ilerletmek üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meseleleri boýunça pikir alyşmaga taýýardyrdygyny belläp geçipdir.

TÜRKIÝÄNIŇ SYÝASY WE IŞEWÜR TOPARYNDAN GYNANÇ HATLARY

Şeýle hem hormatly Prezidentimize Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu, Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy M.Rifat Hisarjyklyoglu, Türkiýe Respublikasynyň öňki Prezidenti Abdulla Gül, TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Dýusen Kaseinow, “Burç Group” kompaniýasynyň prezidenti Sefa Gömdeniz, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň prezidenti Erman Ylyjak hem çuňňur gynanç sözlerini beýan etdiler.

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär

Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat Türkmenistana gelýär

“Arkadag” – “Al-Nassr” futbol duşuşygy: ýörite awtobus gatnawlary amala aşyrylar

“Arkadag”-“Al-Nasr” duşuşygy dünýäniň 168 ýurdunda tomaşa ediler

Ata Watan Eserleri

«Arkadag» we «Al-Nasr» duşuşygy: 9-njy fewralda metbugat maslahaty geçiriler

Aşgabadyň Olimpiýa stadiony «Arkadag» — «Al-Nasr» duşuşygyna doly taýýar: Janköýerler üçin döredilen şertler

Ata Watan Eserleri