TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

ŞHG-niň synçylar topary: saýlawlar aç-açanlykda geçirildi

Türkmenistanda geçirilen Prezidenti saýlawlaryna halkara synçylar topary ýokary baha berdi. Saýlawlara syn etmek maksady bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçylary ýurdumyzda boldular.

Bu synçylar topary düýn köpugurly “Garagum” myhmanhanasynda Prezident saýlawlary babatda geçiren işleriniň netijelerini jemlediler. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçylar topary hem metbugat brifingini gurnap, Prezident saýawlarynyň aç-açanlykda we ýokary bäsdeşlikli geçirilendigini belledi.

Synçylar toparynyň ýolbaşçysy Özbegistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmolžon Kuçkarow saýlawlaryň raýat jemgyýetiniň wekilleriniň işjeň gatnaşmagy we saýlawçylaryň özleriň mynasyp dalaşgärini saýlamagy üçin amatly şertleriň döredilmegi bilen ýokary bäsdeşlik esasynda geçirilendigini mälim etdi.

Kuçkarow Türkmenistanda geçirilen saýlawlaryň Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygynyň talaplaryna we halkara borçnamalaryna laýyk gelýändigini belledi.

Kuçkarow saýlawlaryň aç-açan, ygtybarly we demokratik esaslara laýyklykda geçirilendigini ýene-de bir gezek nygtap geçdi.

 

Merkez saýlaw toparynyň başlygy Myradow: Prezident saýlawlary barada…

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Eýranyň energetika ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Moskwada saparda bolar

Teswirle