DÜNÝÄ

Seul şäherinde welosiped ýörişi geçirildi

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Seul şäheriniň merkezinde ýerleşýän Hangaň seýilgähinde köpçülikleýin welosiped ýöriş çäresi gurnaldy.

Hangaň seýilgähi – Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäheriniň merkezinde akyp geçýän Hangaň derýasynyň kenarynda ýerleşýän iň uly seýilgäh bolmak bilen, bu seýilgäh 12 toplumy öz içine alýar.

Bu ajaýyp baýram dostlugyň, parahatçylygyň hem-de sportuň belent däplerini dabaralanýan çärä gatnaşyjylar agzybirlik bilen welosipedli ýörişi Hangaň seýilgähiniň kenarynda akýan suwyň ugry boýunça badalga aldylar.

Şu günki güne çenli Türkmenistanyň hökümetiniň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 20-ä golaý Kararnamalar kabul edildi. Olaryň biri, ol hem Türkmenistanyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi aýratyn bellärliklidir.

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalary tarapyndan dünýäniň dürli ýurtlarynda Bütindünýä welosiped gününiň şanyna bagyşlanyp geçirýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleri döwletimiziň sagdynlygyň we ruhubelentligiň, parahatçylygyň hem-de dostlugyň ýurdy hökmünde dünýäde tanalýandygynyň ykrarnamasydyr.

 

 

Taryhda şu gün: 3-nji iýun

 

Related posts

Türkmenistan kreatiw we döredijilik boýunça halkara maslahata gatnaşdy

Metbugat konfrensiýasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Halk Maslahaty: ykdysady ösüşler sanlarda