TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Ses bermek tamamlandy: saýlawçylaryň 97,12% ses berdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 97,12% ses berdi. Bu barada “saylav.gov.tm” internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 97,68%, Balkan welaýatynda 97,29%, Daşoguz welaýatynda 96,80%, Lebap welaýatynda   97,13%, Mary welaýatynda 96,97%, Aşgabat şäherinde 97,51% ses berdiler.

Şeýle hem, daşary ýurtdaky saýlaw uçastoklarynda 90,93% saýlawçylar ses berdi.

Ýöne daşary ýurtlardaky käbir saýlaw uçastoklarynda ses bermek dowam edýär.

Şu gün Türkmenistanda we dünýäniň 30 döwletinde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmek üçin taýýar edilen saýlaw uçastoklarynda ildeşlerimiz işjeň ses berdiler. Öň hem habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesi üçin 9 dalaşgär hasaba alyndy.

Saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişi ýurdumyzyň merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm saýtynda sanly görnüşde onlaýn görkezildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçişi barada ýurdumyzyň telewideniýesinde we radiosynda göni ýaýlymda görkezilýär hem-de habar berildi.

Ähli saýlaw uçastoklarynda baýramçylyk göçme söwdasy guraldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde öndürilen «akylly» zyýansyzlandyryş geçelgeleri guraldy.

Ähli saýlaw uçastoklarynda ýurdumyzyň meşhur aýdymçylary, tanymal bagşy-sazandalary we döredijilik toparlary çykyş etdiler.

 

GDA-nyň synçylar topary saýlawlaryň guramaçylygyna ýokary baha berdi

Ýene-de okaň

Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi: 7 aýyň jemi

Ata Watan Eserleri

23-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet maslahaty geçiriler

Ata Watan Eserleri

Awazada halkara maslahat: 39 döwletden we 34 halkara guramadan wekiliýet gatnaşýar

Ata Watan Eserleri