BIZNES

Sergi 18-nji aprelde tamamlanar

12-nji aprelde paýtagtymyzda iri guramanyň — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan serginiň we maslahatyň açylyş dabarasy boldy.

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergi 18-nji aprelde tamamlanar. Bu bolsa isleg bildirenleriň ählisiniň hususy önüm öndürijileriň gazananlary bilen tanyşmagyna mümkinçilik berer. Bu barada TDH habarynda bellenip geçilýär.

 

Related posts

Bahasy $12 milliondan gowrak bolan giň görnüşli nebit önümleri eksporta ýerlenildi

The working visit of the Turkmen delegation to Germany

vepa

Mikail Jabbarow: Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygy Orta geçelgäniň netijeliligini ýokarlandyrýar