JEMGYÝET

Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň ilkinji Prezidentini hatyralady

Şu gün — Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde dostlukly ýurduň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowy hatyralady. Şunda sapar wagty belent mertebeli türkmen myhmanynyň ýanynda bolmak üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewiň hem Samarkanda gelendigini nygtamaly.  Bu barada “Türkmenistan” gazetinde elektron neşirinde habar berilýär.

Döwlet Baştutanymyz Özbegistanyň görnükli syýasy işgäri, ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň hormatyna Samarkantda gurlan mawzoleýe baryp, gül dessesini goýdy we däp bolan dostlukly türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşant goşan görnükli döwlet işgäriniň ýagty ýadygärligini hatyralady.

Ýeri gelende bellesek, bu mawzoleý Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlangyjy bilen gurlup, ýurduň ilkinji Prezidentiniň doglan gününiň 80 ýyllygynyň bellenilen gününde — 2018-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda açyldy. Ol Garaşsyz Özbegistany gurmak ugrunda irginsiz tagalla eden özbek halkynyň wepaly oglunyň hormatyna gurlan ýadygärlikleriň iň gelim-gidimlileriniň biridir.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi